Häzirki wagtda «Sanly ykdysadyýet» düşünjesi dünýäde gün-günden ynamly ornaşýar. «Sanly ykdysadyýet» adalgasy ilkinji gezek 1995-nji ýylda Massaçusets uniwersitetiniň alymy Nikolas Negroponte tarapyndan tehnologiýalaryň ýokary depginli ösmegi netijesinde ykdysadyýetiň täze görnüşiniň emele gelendigi bilen baglanyşykly ulanylyp başlanypdyr. Sanly ykdysadyýet maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalara esaslanan ykdysady, durmuş we medeni gatnaşyklaryň ulgamy bolup, internetiň we öýjükli aragatnaşygyň esasy tehnologiýalary bolup hyzmat edýär. Sanly ykdysadyýetiň ösüşi ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna täsir edýär. Olara saglygy goraýyş, bilim, maliýe hyzmatlary, ulag-aragatnaşyk ulgamy we beýleki pudaklar degişlidir.
Her bir pudagyň zähmet öndürijiligini öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, pudaklarda bäsdeşlige ukyply eksporta gönükdirilen önümçiligi döretmek, maýa goýum mümkinçiliklerini täze derejelere ýetirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ýerine ýetirmeli sanly işleriniň, hyzmatlarynyň görnüşlerini kesgitlemek, olaryň görnüşlerini yzygiderli kämilleşdirmek işleri utgaşdyrylýar. Bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi BMG tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagyna hem giň mümkinçilikleri döredýändigi, uzak möhletli döwürde durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam edýändigi bellidir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde alnyp barylýan işler bu ulgamy innowasion ýola geçirmegi çaltlandyrmaga, ylym işini talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi artdyrmaga, önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga, elektron resminama dolanyşygyna geçmäge ýardam edýär.
Sanlylaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biri hem kitaphana işidir. Häzirki wagtda kitaplar elektron görnüşinde hem-de onlaýn düzgüninde elýeterli bolup, kompýuteriň ýa-da ykjam telefonyň üsti bilen kitaphana «girip», gerekli neşiriň sanly nusgasyny almak bolýar. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanada öňdebaryjy tehnologiýalara we iň gowy dünýä tejribesine esaslanan bitewi elektron ulgam döredildi. Kitaphanalaryň işgärleriniň arasynda sanly nou-haulary peýdalanmak bilen, olaryň işiniň netijeliligini artdyrmaga ýardam edýän usulyýet okuwlary, okuw-maslahatlary, bäsleşikler geçirilýär.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini we ylym-bilim ulgamlaryny ösüşiň täze derejelerine çykarýan, bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýän, biz talyp ýaşlary okamaga, işlemäge, döretmäge, halal zähmet çekmäge ruhlandyrýan, türkmen halkyny nurana ertirlere ynamly öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli, halkara derejeli beýik tutumlary uly ösüşlere beslensin.
Baýly HÜMMEDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.