1836-njy ýylyň 29-njy iýulynda Parižde Triumfal arkasy açyldy. 1806-njy ýylyň 18-nji fewralynda fransuz imperatory Napoleon I ýeňişlerini dabaralandyrmak maksady bilen Parižde (beýikligi 50, ini 45 metr) äpet arkany gurmak barada karara gol çekýär. Gadymy Rimiň desgalaryndan ylham alan binagär Žan-Fransua Şalgren (1739–1811) Triumfal arkanyň taslamasyny düzüpdir.