Şu gün Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Oňa zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Bu täze köpri ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag hem-de ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Hindistanyň ýük daşaýjylaryna deňiz, awtomobil, demir ýol ulaglary arkaly Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna gysga ugur boýunça çykmaga amatly şertleri döreder.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi garşylady. Bu ýerde medeniýet-sungat ussatlary tarapyndan ýörite taýýarlanan joşgunly aýdym-sazly çykyşlar belentden ýaňlandy.

Hormatly Prezidentimiz Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli gutlag sözi bilen çykyş etdi. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň 16-njy iýunynda kabul edilen Karara laýyklykda, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda umumy uzynlygy 354, ini 21 metre deň bolan, ikitaraplaýyn gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat awtomobil köprüsiniň taslamasyny taýýarlamak we gurmak göz öňünde tutuldy. Ol umumy uzynlygy 2 müň metre ýetýän eltiji ýollaryň gurluşygyny hem öz içine alar. Taslamany Ukrainanyň bu ugurda köpýyllyk tejribesi bolan «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti amala aşyrar.

«Altkom» maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenkonyň çykyşyndan soň bolsa täze awtomobil köprüsi bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz şanly waka mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyryp, ony ýörite guta ýerleşdirdi. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyz gutyny täze gurluşygyň binýadyna atyp, awtomobil köprüsiniň ilkinji betonyny guýdy.