Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşiginiň (ASEAN) daşary işler ministrleriniň 55-nji ýyllyk maslahaty Kambojanyň paýtagty Pnompende sebitleýin hyzmatdaşlyga degişli 30 töweregi resminamanyň kabul edilmegi bilen üstünlikli tamamlandy. Bu barada wise-premýer, Kambojanyň daşary işler ministri Prak Sokhon 6-njy awgustda maslahatdan soň guralan metbugat ýygnagynda aýtdy.
-ASEAN jemgyýetini berkitmekde, sebitleýin integrasiýany ösdürmekde we daşarky hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygymyzy giňeltmekde şu wagta çenli gazanylan üstünlikleri gözden geçirdik – diýip, ol belledi.
Ol daşary işler ministrleriniň we 38 ýurduň wekilleriniň gatnaşan maslahatynda üç ýarym günüň içinde 19 duşuşygyň gurnalandygyny aýtdy.
-Biz syýasat, howpsuzlyk, ykdysadyýet, jemgyýetçilik we medeniýet ugurlaryndan başlap, daşary gatnaşyklara çenli 30-a golaý resminamany gutarnykly kabul etdik we tassykladyk – diýip, Prak Sokhon belledi.
-Biz ASEAN ýurtlarynyň hemmetaraplaýyn dikeldiş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna hem-de birleşigiň pandemiýadan soň, dikeldiş tagallalaryny çaltlaşdyrmak üçin meýilnamalarynyň durmuşa geçirilişine kanagatlanma bildirdik. Prak Sokhon maslahata gatnaşan ministrleriň üpjünçilik zynjyryny berkitmegiň, ykdysady dikeldişi goldamagyň we sebitiň durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belländiklerini sözüniň üstüne goşdy.
Prak Sokhonyň aýtmagyna görä, ASEAN-yň daşary işler ministrleri we onuň gepleşik boýunça hyzmatdaşlary sebitara we halkara gyzyklanma bildirýän meseleler boýunça pikir alyşdylar. Kamboja 2022-nji ýylda ASEAN-yň indiki başlygydyr.
ASEAN – Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşýän 10 ýurduň syýasy, ykdysady we medeni, sebitleýin hökümetara guramasydyr. ASEAN 1967-nji ýylyň 8-nji awgustynda Bangkokda “Bangkok jarnamasy” diýlip tanalýan “ASEAN jarnamasyna” gol çekilmegi bilen esaslandyrylýar. ASEAN-yň şertnamalaýyn resmileşdirilmegi diňe, 1976-njy ýylda Bali adasynda gol çekilen Günorta-Gündogar Aziýada dostluk we ASEAN-yň ylalaşyk jarnamasy esasynda bolup geçdi.
ASEAN 10 döwletden ybarat. Guramanyň döredilmeginiň gönüden-göni Indoneziýa, Malaýziýa, Singapur, Tailand we Filippinler boldy (1967-nji ýyl). Bruneý (1984-nji ýyl), Wýetnam (1995-nji ýyl), Laos we Mýanma (1997-nji ýyl), Kamboja (1999-njy ýyl) goşuldy. ASEAN-a agza ýurtlaryň ilaty takmynan 650 million adam, jemi içerki önümi bolsa 737 milliard dollara barabar.