Iýul aýynda azyk önümleriniň dünýädäki bahalary ýene-de aşaklady. Bu barada BMG-nyň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) mälim etdi. FAO-nyň azyk önümleriniň bahasynyň ortaça görkezijisi geçen aý 140,9 bal bolup, iýun aýyndan 9% pes boldy. Şeýle-de bolsa, bu görkeziji mart aýynda bellige alnan 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13,1% ýokarydyr. Şeýlelikde, ösümlik ýagynyň, şekeriň, süýdüň, etiň we galla önümleriniň bahasy iýul aýynda aşaklady, bugdaýyň bahasy bolsa 14,5% arzanlady.

Azyk önümleriniň bahasynyň has ýokary derejeden aşaklamagyndan kanagatlanma bildirip, FAO-nyň baş ykdysatçysy Maksimo Torero muňa garamazdan, heniz näbelliligiň bardygyny aradan aýyrmady. Onuň pikiriçe, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi baradaky gowşak çaklamalar we walýuta hümmetiniň üýtgäp durmagy global azyk howpsuzlygy üçin çynlakaý mesele bolmagynda galýar.

BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) esasy wezipesi açlyga garşy göreşmekdir. FAO ösen we ösýän ýurtlaryň azyk howpsuzlygy babatynda syýasy kararlary ara alyp maslahatlaşýan forum hökmünde çykyş edýär. Mundan başga-da, FAO maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär we ösýän ýurtlara oba hojalygy, tokaý hojalygy we balyk ösdürip ýetişdirmek tejribesini gowulandyrmakda kömek berýär we hemmeler üçin sagdyn iýmitlenmegi we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge çalyşýar.

Oba hojalygy boýunça ýöriteleşdirilen hökümetara guramany döretmek karary Ikinji jahan urşy döwründe – 1943-nji ýylyň maý aýynda Hot-Springs (ABŞ) şäherinde Azyk we oba hojalygy boýunça halkara konferensiýada kabul edildi. Soňra 44 döwlet Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) esaslandyryjylary boldy. Häzirki wagtda guramanyň 200 golaý agzasy bar.