Portugaliýa welosiped öndürmekde Ýewropa ýurtlarynyň arasynda has-da öňe saýlanýar. Maglumatlara görä, bu ýurtda iki tigirli ulag serişdeleriniň ýylda 2,5 milliondan gowragy öndürilip, eksport edilýär. Bilermenleriň aýtmagyna görä, önümçiligiň häzirki depgini ýurdy Italiýa we Germaniýa ýaly esasy welosiped öndürijileriň hataryna çykarar. Geçen ýyllarda pandemiýa sebäpli welosiped öndürýän kompaniýalaryň önümçiligi pese gaçsa-da, kompaniýanyň girdejileriniň durnuklaşýandygy bellenilýär. Bu ýurtda işe girizilen soňky zawod ýylda 250 müň welosiped öndürmek üçin niýetlenendir.
Ýewropadaky iň uly welosiped zawody Portugaliýanyň demirgazygyndaky Wila-Nowa-di-Gaýada ýerleşýär. Bu ýerde içerki bazar üçin diňe 5%-i ýygnalyp, galan 95%-i, esasan, Fransiýa, Ispaniýa, Germaniýa we Polşa ýaly ýurtlara eksport edilýär.