“France Football” žurnaly tarapyndan berilýän dünýäniň iň abraýly baýragy hasaplanýan “Altyn top” (Ballon d’Or) baýragynyň bu ýylky dalaşgärleri mälim edildi. Sanawa hemişekiler ýaly 30 futbolçy saýlandy. Şol 30 futbolçynyň arasyndaky baýragy iň köp eýelän (7), baýragyň soňky eýesi Lionel Messiniň ady ýok. Şeýlelikde, PSŽ-niň argentinaly super ýyldyzy 2005-nji ýyldan bäri, ýagny 17 ýyldan soň ilkinji gezek “Altyn top” baýragyna dalaşgär görkezilmedi. Dalaşgär görkezilen futbolçylaryň uzyn sanawyna “Real Madrid”, “Mançester Siti” hem-de “Liwerpul” toparlarynyň hersinden häzirki wagtda çykyş edýän  6 oýunçy alyndy. Baýragyň 5 gezek eýesi, “Mançester Ýunaýtediň” portugaliýaly super ýyldyzy Kristiano Ronaldo hem dalaşgärlige hödürlendi. Ol bassyr 18-nji gezek “Altyn top” baýragynyň dalaşgärleriniň uzyn sanawyna öz adyny ýazdyrmagy başardy. Baýragy Karim Benzemanyň almagyna garaşylýar. “Altyn top” 2022 baýragynyň ýeňijisi şu ýylyň 17-nji oktýabrynda geçiriljek dabarada mälim ediler.  

17 gezek dalaşgär görkezilen Messi şolaryň 7-sinde baýragy eýelemegi başardy.

“Altyn top” baýragynyň şu ýylky dalaşgärleri:

Trent Aleksander-Arnold (“Liwerpul”, Angliýa)

Winisius Junior (“Real Madrid”, Braziliýa)

Bernardo Silwa (“Mançester Siti”, Portugaliýa)

Rafael Leao (“Milan”, Portugaliýa),

Sado Mane (“Bawariýa”/“Liwerpul”, Senegal)

Kristofer Nkunku (“Leipsig”, Fransiýa)

Mohamed Salah (“Liwerpul”, Müsür)

Fabino (“Liwerpul”, Braziliýa)

Tibo Kurtua (“Real Madrid”, Belgiýa)


Ýozua Kimmih (“Bawariýa”, Germaniýa)

Karim Benzema (“Real Madrid”, Fransiýa)

Filip Foden (“Mançester Siti”, Angliýa)

Harri Keýn (“Tottenhem”, Angliýa)

Son Hyn Min (“Tottenhem”, Günorta Koreýa)

Maýk Menýan (“Milan”, Fransiýa)

Kewin de Bruýne (“Mançester Siti”, Belgiýa)

Sebastian Haller (“Borussiýa D”/“Aýaks”, Kot-d′Iwuar)

Luka Modriç (“Real Madrid”, Horwatiýa)

Kristiano Ronaldo (“Mançester Ýunaýted”, Portugaliýa)

Antonio Rüdiger (“Real Madrid”/“Çelsi”, Germaniýa)

Žoao Kanselo (“Mançester Siti”, Portugaliýa)

Erling Holann (“Mançester Siti”/“Borussiýa D”, Norwegiýa)

Darwin Nunýes (“Liwerpul”, Urugwaý)

Luis Dias (“Liwerpul”, Kolumbiýa)

Robert Lewandowski (“Barselona”/“Bawariýa”, Polşa)

Riýad Mahrez (“Mançester Siti”, Alžir)

Kilian Mbappe (PSŽ, Fransiýa)

Wirjil wan Deýk (“Liwerpul”, Niderlandlar)

Duşan Wlahowiç (“Ýuwentus”, Serbiýa)

Kazemiro (“Real Madrid”, Braziliýa)