Saud Arabystanynyň nebit ägirdi “Saudi Aramco” ýylyň birinji ýarymynda rekord girdeji gazanandygyny mälim etdi. Dünýäniň iň uly nebit kompaniýasy, takmynan, 87,9 milliard dollar gazanyp, bu 2021-nji ýyldakydan 90% köpdür. Çärýek we ýarym ýyllyk girdejä täsir eden faktorlaryň arasynda, esasan, çig malyň bahalarynyň mese-mälim ýokarlanmagy, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar hem-de pandemiýadan soň dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegi bilen baglanyşykly islegiň artmagy boldy.
Iýun aýyndan bäri bir barrel nebit 30 dollar arzanlady, ýöne bahalar henizem 100 dollara golaý derejede saklanýar. Halkara pul gaznasynyň çaklamalaryna görä, bahalaryň ýokarlanmagy sebäpli Saud Arabystanynyň ykdysadyýeti ýylyň ahyryna çenli 7,6% ösüp, Patyşalygyň jemi içerki önümi trillion dollardan geçer.
Soňky aýlarda günbatar ýurtlary esasy nebit eksportçysyny önümçiligini artdyrmaga çagyrýarlar. OPEK + sentýabr aýyndan önümçiligi artdyrjakdygyny, ýöne günde diňe 100 müň barrele çenli ýokarlanjakdygyny habar berdi.
“Saudi Aramco” nebit önümçiligi we nebit gorlarynyň mukdary boýunça dünýäniň iň uly nebit kompaniýalarynyň biri bolup, dünýäniň nebit gorlarynyň, takmynan, 12%-ini, önümçiliginiň 10%-ini we eksportyň 14%-ini eýeleýär. Şeýle-de kompaniýa ýurduň býujetine gelýän girdejiniň 80%-ini üpjün edýär. “Forbes Global 2000”-iň sanawynda geçen ýyl “Saudi Aramco” dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň sanawynda 5-nji orna eýe boldy.
Saud Arabystanynyň milli nebit kompanýasynyň wekilleri “Saudi Aramco” ýene-de uzak ýyllaryň dowamynda öz nebitiniň dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanyljakdygyny belleýärler. Patyşalyk “Görüş -2030” strategiýasynyň üstünde işläp, öz ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär. Şu maksat bilen häzirki wagtda ýurduň nebiti üçin täze söwda ýollary açylýar.