Italiýaly aktrisa Jina Lollobrijida sentýabr aýynda geçiriljek saýlawlarda ýurduň ýokarky palatasyna (Senata) dalaş edýär. Bu barada “La Repubblica” gazeti habar berdi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, 95 ýaşly Jina Lollobrijida “Häkimiýet we halk Italiýasy” syýasy guramasyndan dalaşgär görkezilýär. Gazetiň habaryna görä, aktrisa kanun çykaryjy organa girmek üçin zerur bolan üç göterim çäkden geçmegi maksat edinýär.

Bu ýeňil düşmez, sebäbi häzirki mejlisiň çagyrylmagy bilen tassyklanan reformalardan soň kanun çykaryjylaryň sany (aşaky palatada – 600-den 400 deputata çenli, ýokarky palatada bolsa 315-den 200 senatora çenli) ep-esli azaldy.

Takmynan, 30 ýyl ozal kinony terk eden Lollobrijida 1999-njy ýylda Ýewropa Parlamentine geçirilen saýlawlarda dalaşgär görkezilipdi. Ýöne bary-ýogy 10 müň ses alyp, kanun çykaryjy organdan geçmändi.