17-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işini tamamlady. “Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek” atly maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guraldy.
Halkara maslahata dünýäniň 40-a golaý döwletinden hem-de halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň edaralarynyň, abraýly sebit we sebitara guramalaryň we maliýe institutlarynyň hem-de seljeriş merkezleriniň, hususy ulgamyň 30-dan gowragynyň wekilleri, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Foruma gatnaşyjylaryň uly düzümi ýurdumyza hormat goýulýandygynyň, onuň ulag ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlyga goşýan goşandynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Çykyşda häzirki döwürde ulag we kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmeginiň has möhüm we aýgytly ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz tagallalary birleşdirmek, çalt we aýdyň netijelere ýetmek üçin tutanýerli gönükdirmek zerurlygynyň ýüze çykýandygyna duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.
BMG-niň düzümleýin edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleriniň çykyşlarynda ulag arabaglanyşygyna Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmekde we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm serişde hem-de COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň durnukly dikeldilmegi üçin örän wajyp ugur hökmünde garalýandygy nygtaldy.
Foruma gatnaşyjylar häzirki wagtda ulag ulgamynyň işiniň tutuş dünýä boýunça dikeldilýändigini nygtap, halkara bileleşiginiň çaltlyk bilen maýa goýumlaryny, tehnologiýalary hem-de tehniki kömegi gönükdirmelidigini we durnukly ulag üçin kuwwaty pugtalandyrmalydygyny bellediler. Bu kömek, ilkinji nobatda, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara berilmelidir.
Günüň birinji ýarymynda “Berkarar” myhmanhanasynda “Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar — Afrika: ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly ministrlikleriň derejesindäki duşuşyk geçirildi.
Onda bu sebitlere girýän ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň hem-de üstaşyr döwletleriň ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek üçin döwrebap ulag düzümini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň netijeli häsiýete eýedigini belläp, dialogy yzygiderli esasda dowam etmegiň möhümdigini nygtadylar.
“Ulag geçelgelerini ösdürmek, sebitara baglanyşyk, toplumlaýyn multimodal ulag ulgamlary we ulag bilen söwdanyň üznüksiz baglanyşygy”, “Kämil üstaşyr daşamalary we söwdany ýeňilleşdirmek hem-de COVID-19 pandemiýasyndan durnukly dikeltmek üçin sanly ulgamlary pugtalandyrmak”, “Ygtybarly ulag gatnawlary, ekologiýa taýdan durnukly ulag ulgamlaryny döretmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we täsirleri peseltmek — tejribe we öňdebaryjy amallar”, “Ulag we maglumat durnuklylygy hem-de ýol howpsuzlygy üçin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak” diýen mowzuklar boýunça geçirilen umumy mejlisleriň barşynda wekiller hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Hökümetine bu möhüm maslahatyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Çykyşlarda sebit gatnaşyklaryny ösdürmekde we Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna has ygtybarly üstaşyr ulag ulgamy bilen üpjün edip biljek täze söwda ýollarynyň giňeldilmegini goldamakda ýurdumyzyň öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Milletler Bileleşigi tarapyndan biragyzdan kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça dört Kararnamasynyň (2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda) ähmiýeti bellenildi. Bu Kararnamalar ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, üstaşyr ulag geçelgeleriň durnukly ulgamyny kemala getirmäge, sebit, yklymara we ählumumy möçberde ulag aragatnaşygynyň iri düzümleýin merkezlerini döretmäge gönükdirilendir.
Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň forumyň birinji gününde beýan eden täze teklipleriniň, hususan-da, BMG-niň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bähbitlerini gorajak ýörite iş toparyny döretmek, Baş Assambleýanyň “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky” Kararnamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipleriniň wajypdygy nygtaldy.
Foruma gatnaşyjylaryň pikirine görä, döwlet Baştutanymyzyň teklipleriniň derwaýysdygy we zerurdygy äşgärdir, çünki ulag ulgamy dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýän ählumumy ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biridir. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm orun eýeleýär.
Ulag kadalaryny, standartlary we üstaşyr çäreleri has doly sazlaşdyrmak üçin ähli ýurtlar tarapyndan BMG-niň ulag baradaky konwensiýalaryny tassyklamagy hem-de sebitde islendik wehimlere durnukly bolan özara ulag gatnaşyklary üpjün etmek üçin deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar babatda Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan teklip edilen gurallaryň hatarynda görkezildi. Şol gurallar ýurtlar tarapyndan sebitde we tutuş dünýäde ulag aragatnaşygyny netijeli dikeltmek üçin ulanylyp bilner.
Foruma gatnaşyjylar ulag arabaglanyşygyň gün tertibini ilerletmekde görnükli hünärmenleri birleşdiren bu maslahatyň tejribe alyşmak üçin ajaýyp meýdança bolup durýandygyny bellediler. Ählumumy pandemiýadan soňky döwürde durnukly dikeldiş çärelerini amala aşyrmak, aýratyn hem ulag ulgamynda giň gerimli işleri ýerine ýetirmek üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy.
Umumy mejlisleriň barşynda, şeýle hem howa, awtomobil, demir ýol we deňiz ulagynyň häzirki ýagdaýy, dünýä ykdysadyýetiniň bu ulgamyny ösdürmegiň geljegi, pudaklaýyn düzüme maýa goýumlarynyň çekilmegi, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Utgaşdyryjy geňeşiň mejlisi geçirildi
Şol gün şeýle hem halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň mejlisi geçirildi. Aşgabat ylalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň, hususan-da, Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň wekilleri şu üstaşyr ulag geçelgäniň ugurlary bilen baglanyşykly ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem tehniki häsiýetli meseleleriň birnäçesine garaldy. Wekiliýetleriň agzalary Aşgabat ylalaşygyna gol çeken döwletleriň logistik merkezleriniň netijeliligini we ornuny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, ähli ýurtlaryň logistik merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Mejlisiň jemleri boýunça halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 2-nji mejlisiniň Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamasy kabul edildi.