Afrikanyň iň beýik dagy bolan Kilimanjaronyň gerişleri ýokary tizlikli internet ulgamy bilen üpjün edildi. Tanzaniýanyň Döwlet telekommunikasiýa korporasiýasy 3720 metr belentlikde giň zolaky internet toruny çekdi.
Bu internet ulgamynyň daga çykýan alpinistleriň täsin syýahaty wagtynda gören zatlaryny gyzgyny bilen jemgyýetçilik torlarynda şöhlelendirmegi üçin giň mümkinçilik bolup durýandygy bellenildi.
Şeýle hem internet tory haýsydyr bir adatdan daşary ýagdaý ýüze çykanda kömek soramak üçin SOS signalynyň öz wagtynda berilmegine şert döreder. Şu ýylyň ahyryna çenli internet torunyň gerimini iň beýik nokadyna – 5895 metre çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar. Mundan ozal, Kilimanjaro dagynyň 1860 metrden belentliginden ýokarda hiç hili mobil aragatnaşyk ýokdy. Tanzaniýanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Kilimanjaro dagy alpinistler üçin iň meşhur syýahatçylyk ugurlarynyň biridir. Kilimanjaroda esasy üç sany sönen wulkanik “tüsseçykar” bar. Her ýyl bu daga 50 müňden gowrak adam gelýär. Olaryň ýarysy dagyň Uhuru gerşine çykýarlar.