Go­laý­da Sa­mar­kant şä­he­rin­de «Öz­be­gis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy – tä­ze Re­nas­sans za­ma­na­sy­nyň esa­sy» at­ly al­tyn­jy hal­ka­ra kong­re­si ge­çi­ri­lip, oňa 40 ýur­duň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
– Biz eý­ýäm al­ty ýyl bä­ri Öz­be­gis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy­ny öw­ren­me­gi, go­rap sak­la­ma­gy we wa­gyz et­me­gi öz öňü­miz­de baş mak­sat edip goý­duk. Biz käbir se­bäp­le­re gö­rä dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da sak­lan­ýan me­de­ni mi­ra­sy­my­zy bir ka­ta­log­da jem­le­me­gi ni­ýet edin­ýä­ris. Hal­ky­my­zyň be­ýik me­de­ni mi­ra­sy ba­ra­da bil­me­gi bi­ziň üçin mö­hüm­dir – di­ýip, Öz­be­gis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy­ny öw­ren­mek, go­rap sak­la­mak we wa­gyz et­mek bo­ýun­ça Bü­tin­dün­ýä jem­gy­ýe­ti­niň mü­dir­li­gi­niň baş­ly­gy Fir­daws Ab­duk­ha­li­kow aýd­ýar.
Mas­la­hat­da Öz­be­gis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy ba­ra­da gür­rüň ber­ýän köp zat­la­ryň da­şa­ry ýurt­la­ryň mu­zeý­le­rin­de sak­lan­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. «Öz­be­gis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy» at­ly tas­la­ma ola­ry owa­dan be­ze­len ki­tap­lar ýy­gyn­dy­sy­nda jem­le­di. Hä­zir­ki wagt­da onuň 60 jil­di çap edil­di. Kong­res­de hö­dür­le­nen soň­ky ­al­bom­la­ryň bi­rin­de Ma­laý­zi­ýa­nyň Ys­lam sun­ga­ty mu­ze­ýin­de saklanýan, VIII asyr­da taý­ýar­la­nan sog­di­an ýü­pek ha­la­dynyň şekili ýer­leş­di­ri­lip­dir.
– Bu ha­lat ýü­pek­den taý­ýar­la­nyp, onuň ýeň­le­ri we esa­sy bö­le­gi jä­hek­le­nip­dir. Mu­zeý­le­riň hem­me­sin­de şu­nuň ýa­ly abat sak­la­nan ha­lat ýok. Ola­ryň kö­pü­sin­de di­ňe kä­bir bö­lek­le­ri sak­lan­ýar – di­ýip, Ma­laý­zi­ýa­nyň Ys­lam sun­ga­ty mu­ze­ýi­niň baş mü­di­ri­niň orun­ba­sa­ry Nu­rul Iman Rus­li aýt­dy.
Na­gyş­lar Öz­be­gis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy­nyň esa­sy ele­ment­le­rin­den bi­ri bo­lup, her gör­nü­şiň we reň­kiň bel­li bir ma­ny­sy bo­lup­dyr. Geç­miş­de adam­lar hä­zir­ki wagt­da unu­dyl­mak de­re­je­si­ne ýe­ti­ri­len bu ala­mat­la­ryň ma­ny­sy­ny bi­lip­dir­ler. Bu sun­gat hä­zir­ki wagt­da Na­gyş­lar en­sik­lo­pe­di­ýa­syn­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýär. Me­de­ni mi­ras tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de tä­ze ki­tap­la­ry ne­şir et­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
– Yn­san­lar geç­miş­de bu na­gyş­la­rda öz ar­zuw­ly pi­kir­le­ri­ni be­ýan edip­dir­ler. Olar öz­bo­luş­ly mag­lu­mat meý­da­nyn­da ýa­şap­, onuň go­ra­ýan­dy­gy­na we aba­dan­çy­lyk ge­tir­ýän­di­gi­ne yna­nyp­dyr­lar. Biz in­di ola­ra di­ňe be­zeg hök­mün­de ga­ra­ýa­rys. Bi­ziň we­zi­pä­miz bu na­gyş­la­ryň ma­ny öwüş­gin­le­ri­ne dü­şün­mek­li­gi di­kelt­mek­den yba­rat – di­ýip, Öz­be­gis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy tas­la­ma­sy­nyň bar­lag ge­çi­ri­ji­si we ut­gaş­dy­ry­jy­sy El­mi­ra Gül aýd­ýar.
Fre­de­rik Starr Sa­mar­kant­da Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň iki be­ýik akyl­da­ry, XI asy­ryň Da Win­çi­si diý­lip at­lan­dy­ry­lan Al-Bi­ru­ni we hä­zir­ki za­man luk­man­çy­ly­gy­nyň ata­sy Abu Aly Ibn-Si­na ha­kyn­da tä­ze ki­ta­by­ny hö­dür­le­di.
– Olar yzy­gi­der­li bäs­deş­lik ýag­da­ýyn­da bo­lup­dyr­lar. Ola­ryň pi­kir ýö­re­di­şi düý­bün­den ta­pa­wut­ly bol­sa-da, iki­si hem ägirt­­di – di­ýip, ame­ri­ka­ly ta­ryh­çy we Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça bi­ler­men Fre­de­rik Starr aýd­ýar.