“La Liste” ýylyň iň gowy restoranlaryny saýlady

24

Parižde dünýäniň iň abraýly gastronomik baýraklarynyň biri bolan “La Liste” baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu ýyl iň gowy 1000 edaranyň sanawynda 10 restoran birinji orny eýeledi. Pariždäki “Guy Savoy” ýene-de reýtingde birinji orny eýeledi. Onuň bilen birlikde Nýu-Ýorkdaky, Germaniýadaky, Gonkongdaky, Bazeldäki, Tokiodaky, Hildsburgdaky (ABŞ), Bruzaportodaky (Italiýa) Lasarte-Oriadaky (Ispaniýa) we Makaodaky meşhur restoranlar birinji orny paýlaşdy. Hemmesi 100 baldan 99,5 bal aldy.
“Time Out” žurnalynyň belleýşi ýaly, ýeňijileriň bu sany tötänleýin däl: şu ýyl “La Liste” öz 10 ýyllygyny belleýär. “La Liste” 2015-nji ýylda Fransiýa hökümetiniň başlangyjy bilen esaslandyryldy. Ol “Michelin” gollanmasyna we “The World’s 50 Best Restaurants” sanawyna alternatiwa hökmünde göz öňünde tutuldy.