Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şol ösüşler ylym-bilim we döredijilik mümkinçilikleriniň ösüş derejesi, bu ulgamyň merkezlerine ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen has-da tapawutlanýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda iň täze kompýuter tehnologiýalary, multimediýa ulgamlary bilen üpjün edilen döwrebap okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamyny döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýyl täze çagalar baglary hem-de umumybilim berýän orta mekdepler açylýar.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bilim babatda amala aşyrylýan innowasion özgertmeleriň barşynda ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň çägi ýylsaýyn giňeýär. Olar ýurduň ösüş, şol sanda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşme şertlerine laýyk getirilýär, bu bolsa bilim ulgamyna köpdilliligi ornaşdyrmagy talap edýär. Şulardan ugur alnyp, orta mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň meýilnamasyna ýapon we hytaý dilleri-de girizildi. Täze açylan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýapon dili esasy dildir. Okuwyň birinji ýylynda talyplar dil taýýarlygyny geçýärler, ikinji ýyldan başlabam halkara bakalawr derejesine laýyklykda ýapon dilinde hünär öwrenýärler.
Bilim ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek babatda ýene-de köp sanly işleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak we elektron bilimiň serişdelerini ösdürmek göz öňünde tutulýar.
Golaýda hormatly Prezidentimiz bilim we ylym ulgamyna gözegçilik edýän ýolbaşçylara ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynyň konsepsiýasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz milli ylym we bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegini, hususan-da, ýokary hünärli ýaş işgärleri, alymlaryň ýaş neslini taýýarlamagy, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda belläp geçdi. Döwlet Baştutanymyz şu wezipelerden ugur alyp, sanly bilim ulgamyny giňden ösdürmegiň zerurdygyny nygtamak bilen, bu babatda esasy wezipeleri kesgitledi.
Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron materiallar (elektron kitaplar, elektron seminarlar we beýlekiler) hem-de degişli usullar (uzak aralykdan bilim bermek we başgalar) esasynda kämilleşdirmek babatda degişli işler durmuşa ornaşdyrylar.
2016–2017-nji okuw ýylynda ýurdumyzda 1852 sany umumybilim berýän orta mekdep hereket edýär. Olaryň 66,7 göterimi obada ýerleşýär. Mekdepleriň 82 göterimi häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary we multimediýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Her ýyl 1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan birinji synpa barýan okuwçylara kompýuterler sowgat berilýär.
Ýurdumyzda başga-da köp sanly sungat we sazçylyk mekdepleri, ýöriteleşdirilen okuw mekdepleriniň ençemesi hereket edýär. Olar hem tehnologiýanyň häzirki zaman gazananlary bilen doly üpjün edilendir.
Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň 24-si hereket edýär. 2016-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti açylyp, ulanmaga berildi. Türkmenistanyň döwlet býujetinden durmuş we jemgyýetçilik hyzmatlary üçin gönükdirilen serişdeleriň agramly böleginiň 2016-njy ýylda bilim pudagyna gönükdirilmegi ylym-bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr.
Mundan başga-da ylym-bilim pudagyny döwrebap derejede özgertmek maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy-barlag institutlarynda ýaş alymlar geňeşleri döredildi. Olaryň 19-sy ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda, 12-si we 9-sy degişlilikde ylmy-barlag institutlarynyň we Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň ýanynda işläp başlady.
Berkarar döwletimizde bilim ulgamynyň täze belentliklere çykandygyna soňky ýyllarda ýaş alymlaryň, talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň arasynda ylym-bilim babatyndaky bäsleşikleriň ýygy-ýygydan geçirilýändigi, olaryň dürli derejedäki halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, altyn, kümüş, bürünç medallarynyň ýüzlerçesine mynasyp bolup, ata Watanymyza dolanyp gelýändikleri hem anyk şaýatlyk edýär. Bu aýdylanlar öňde bize ylym-bilimiň täze belentlikleriniň garaşýandygyna anyk şaýatlyk edýär.
Biz bilim pudagyny döwrebap derejede özgertmek, ony dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesine çykarmak babatda uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris.
Aýgül Adaýewa,
A.Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktorynyň orunbasary.