Berkarar Watanymyzda ylym-bilime aýratyn üns gönükdirilip, ýaşlarymyza öz saýlan, höwes edýän hünäri boýunça okamaga, ökde hünärmen bolup ýetişmäge giň mümkinçilikler bar. Şonuň bilen baglylykda, ýylyň-ýylyna orta mekdepleri tamamlaýan ýaşlara ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilimlerini dowam etmäge ähli şertler döredilýär.

Bi­lim ul­ga­myn­da tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň iş­jeň ula­nyl­ma­gy ýaş nes­liň ba­şar­ny­gy­ny, dün­ýä­ga­raý­şy­ny, so­wat­ly­lyk de­re­je­si­ni has-da art­dyr­ýar. In­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we tä­ze usu­ly­ýet­le­riň okuw iş­le­ri­ne or­naş­dy­ryl­ma­gy sa­pak­la­ryň hil de­re­je­si­niň hem ýokar­lan­ma­gy­ny üp­jün et­di. Elekt­ron söz­lük­ler we en­sik­lo­pe­di­ýa­lar, au­dio we wi­deo ma­te­ri­al­la­ry özün­de jem­le­ýän mul­ti­me­dia okuw­la­ry, ki­tap­la­ryň elekt­ron ne­şir­le­ri, bi­lim saýt­la­ry, in­ter­ne­tiň üs­ti bi­len alyn­ýan bu ugur­da­ky mag­lu­mat­lar ýaş­la­ryň ru­hy baýly­gy­ny art­dyr­ma­ga, sag­dyn dü­şün­jä eýe bol­ma­gy­na, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de yl­myň we teh­ni­ka­nyň ga­za­nan­la­ry, şo­nuň bi­len bir ha­tar­da öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­ler, ola­ry ba­şar­nyk­ly ulanmak ýur­dy, jem­gy­ýe­ti üs­tün­lik­le­re, ösüş­le­re ta­rap öňe alyp gid­ýän güýç hök­mün­de hä­si­ýet­len­di­ril­ýär. Şun­da ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­dä­ki tä­ze gu­rul­ýan ýa­şa­ýyş jaý top­lum­la­ry, ola­ryň çäk­le­rin­de gu­rul­ýan işe­wür­lik mer­kez­le­ri, sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­lary, ça­ga­lar bag­la­ry, ki­tap­ha­na­lar, mek­dep­ler, me­de­ni ojak­lar döw­re­bap­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ýaş nes­le my­na­syp bi­lim ber­mek, ola­ry kä­mil hü­när­men­ler edip ýe­tiş­dir­mek ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan top­lum­la­ýyn öz­gert­me­le­riň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Hä­zir­ki dö­wür­de bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da tä­ze ta­lap­lar bil­di­ril­ýär. Bi­lim eda­ra­la­ry­ny döw­rüň ta­lap­la­ry­na we hä­zir­ki za­man ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk de­re­je­de kä­mil­leş­dir­mek, tä­ze sa­pak­la­ry, aý­ra­tyn-da, san­ly ul­gam bi­len bag­la­ny­şyk­ly sa­pak­la­ry gi­riz­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýaş­la­ryň ýo­ka­ry hil­li bi­lim al­ma­gy, ukyp-ze­hin­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak­la­ry, bir­nä­çe da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni go­wy öz­leş­dir­mek­le­ri üçin äh­li şert­ler we müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň ka­bul edil­me­gi bu ugur­da tä­ze öz­gert­me­le­re ba­dal­ga ber­di. Bu Kon­sep­si­ýa bi­lim ul­ga­my­nyň her bir bas­gan­ça­gyn­da iş­le­ýän mu­gal­lym­la­ry dö­re­di­ji­lik­li iş­le­mä­ge ug­ruk­dy­ryp, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy döw­re­bap­laş­dyr­ma­gy, öw­ret­me­giň dür­li usul­la­ryn­dan peý­da­lan­ma­gy, ýaş­la­ryň dil­le­ri kä­mil öz­leş­dir­mek­le­ri­ne ýar­dam ber­me­gi na­zar­la­ýar.
Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni kä­mil öw­ren­mä­ge hö­wes bil­dir­ýän ýaş­lar bar­ha art­ýar. Bi­lim ojak­la­ryn­da dil bi­li­mi­ni çuň öw­ret­mek üçin ýaş­la­ryň oka­dy­lyş, diň­le­ýiş, gep­le­ýiş en­dik­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek üçin dür­li usul­lar göz­le­nil­ýär. Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mek şah­sy­ýe­tiň göz­ýe­ti­mi­ni has-da gi­ňeld­ýär, bi­li­mi­ni has kä­mil­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ta­lyp ýaş­la­ra dil öw­ret­mek­de dür­li usul­lar­dan peý­da­la­nyl­ýar. Da­şa­ry ýurt dil­le­ri öw­re­di­len­de, au­dio­ýaz­gy­lar­dan we wi­deo­ýaz­gy­lar­dan peý­da­la­nyl­ma­gy örän peý­da­ly­dyr.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýo­lu­ny, be­ýik iş­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­dir­ýän Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa-tan­dyr!» di­ýen pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan şy­ga­ry hem hal­kyň aý­dyň gel­je­gi­ne, bag­ty­ýar­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Ýur­du­myz­da hal­kyň asu­da ýa­şaý­şy­nyň, bag­ty­ýar­ly­gy­nyň, aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­lar, öz­gert­me­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şeý­le mak­sat­na­ma­la­ryň bi­ri-de «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­larda dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­dyr».
Bu mak­sat­na­ma ýur­du­myz­da gel­jek 30 ýy­lyň do­wa­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­jek ägirt uly öz­gert­me­le­ri, ylym-bi­lim, se­na­gat, sag­ly­gy go­ra­ýyş, oba ho­ja­ly­gy ýa­ly pu­dak­lar­da ama­la aşy­ryl­ma­ly iş­le­ri öz içi­ne al­ýar. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, eziz Di­ýa­ry­myz­da äh­li ul­gamlar bi­len bir ha­tar­da ylym-bi­lim hem saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­ýär. Paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da umu­my or­ta bi­lim ber­ýän we mek­debe çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň bi­na­la­ry, şeý­le hem me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly beý­le­ki des­ga­lar gu­rul­ýar. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp ýaş­la­ry öz­le­ri­niň ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­ke­zip, olim­pia­da­lar­da, ders bäs­le­şik­le­rin­de öň­dä­ki orun­la­ra myna­syp bol­ýar­lar. Bu bol­sa eziz Di­ýa­ry­myz­da ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň kä­mil­li­gin­den ha­bar ber­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy ýaş­la­ryň sy­ýa­sy, dur­muş-yk­dy­sa­dy hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny ke­pil­len­dir­ýär. Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň 14-nji iýu­nyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýaş­lar bi­len du­şu­şyp, «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nuny­nyň kä­bir mad­da­la­ry­na üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek mak­sa­dy bi­len, ola­ryň tek­lip­le­ri­ni we pi­kir­le­ri­ni diň­le­di. «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na kä­bir goş­ma­ça­la­ryň gi­ri­zil­me­gi­niň mak­sa­dy ýaş­la­ryň ylym­ly, bi­limli, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ýo­ka­ry ah­lak­ly adam­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ni ga­zan­mak­dan yba­rat bo­lup dur­ýar. Gahryman Arkadagymyz ýaş­la­ryň ösen teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­kar­mak­la­ry, mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi my­na­syp do­wam et­dir­mek­le­ri üçin ne­ti­je­li iş­le­riň durmu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň wa­jyp me­se­le­le­riň bi­ri­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şo­nuň bi­len bir ha­tar­da, ýaş­lar­da mil­li buý­san­jy ter­bi­ýe­le­ýän, bi­lim be­ri­ji­lik hä­si­ýet­li wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­niň ge­ri­mi­niň gi­ňel­dil­me­gi­niň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di.
Ata Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi bo­lan bag­ty­ýar ýaş­la­ry­my­zyň oka­ma­gy, sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin.

Ak­na­bat AGA­ÝE­WA,
Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Baý­ra­ma­ly şä­he­ri­ndäki 24-nji çagalar bak­ja-ba­gy­nyň ter­bi­ýe­çi­si.