Türkiýäniň Adalat ministri Bekir Bozdag 2023-nji ýylyň 18-nji iýunynda Türkiýede prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu häzirki prezident Rejep Taýýip Erdoganyň dalaşgärlik etjek ikinji saýlawy bolar. Erdogan 2014-nji ýyldan bäri Türkiýäniň prezidenti bolup, 2018-nji ýylda ýurt Prezidentiň dolandyryş görnüşine geçenden soň nobatdan daşary saýlawlarda ýeňiş gazandy.

Ýurtda geçiriljek indiki umumy saýlawlar – Prezident we parlament saýlawlary indiki ýylyň iýunynda meýilleşdirilýär. Häkimiýet başyndaky Adalat we ösüş partiýasy (AKP) we Milletçi hereket partiýasy (MHP) mundan ozal Halk bileleşigini döredipdiler. Golaýda MHP-niň lideri Döwlet Bahçeli Erdoganyň ýakyn wagtda geçiriljek saýlawlarda Halk bileleşigi tarapyndan hödürlenýän dalaşgär boljakdygyny belledi.

Türkiýäniň Prezidenti uzak wagtlap özüniň dalaşgär hödürlenmegi barada hiç hili düşündiriş bermedi, ýöne tarapdarlary bilen bolan duşuşygynda garaşylmadyk ýagdaýda döwlet Baştutany wezipesine dalaş etmek isleýändigini aýtdy. Alty partiýadan ybarat bolan bäsdeş topar heniz öz dalaşgärini hödürlemedi. Mundan öň bäsdeş topar ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä, ýurt ýolbaşçysynyň wezipe möhletiniň ikiden köp bolmaly däldigi sebäpli, Türkiýäniň häzirki prezidentiniň saýlawlara gatnaşyp bilmejekdigini ýaňzydypdy. Adalat ministri öňde boljak prezident saýlawlarynyň Türkiýäniň 2018-nji ýylda parlamentden Prezidentiň dolandyryş görnüşine geçmeginden soň Erdogan üçin ikinji boljakdygyny öňe sürýär.