Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy dün­ýä­niň 8 mil­li­ar­dyn­jy ýa­şaý­jy­sy­nyň şu ýy­lyň ahy­ryn­da dün­ýä in­jek­di­gi­ni, ýö­ne bu wa­ka­nyň şert­li se­ne­si­niň 15-nji no­ýabr bol­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Ikin­ji Ja­han ur­şun­dan soň, ge­çen asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­dan baş­lap, Ýer to­ga­la­gy­nyň ila­ty has-da ar­typ ug­ra­dy. Eger ge­çen asy­ryň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da dün­ýä­de 1,65 mil­liard adam ýa­şap, 60-njy ýyl­lar­da üç mil­liard diý­lip ha­sa­ba al­nan bol­sa, soň­ky 50-60 ýy­lyň için­de dün­ýä­niň ila­ty 5 mil­liard adam kö­pe­lip­dir. Or­ta­ça ala­nyň­da her on ýyl­dan bir mil­liard adam ar­typ­dyr. Ösü­şiň hä­zir­ki dep­gi­ni sak­la­nan ha­la­tyn­da üs­tü­miz­dä­ki ýüz­ýyl­ly­gyň or­ta­sy­na çen­li Ýe­riň ýü­zün­de eý­ýäm 10 mil­liard adam ýa­şar.
«Tes­la Mo­tors» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ilon Mask hä­zir­ki wagt­da ça­ga dog­lu­şy­nyň azal­ýan­dy­gy­ny we mu­nuň kä­bir ýurt­lar­da çyn­la­kaý me­se­lä öw­rül­me­gi­niň äh­ti­mal­dy­gy­ny öňe sür­di. Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, dün­ýä­niň beý­le­ki se­bit­le­rin­de, esa­san hem, Azi­ýa se­bit­le­rin­de dog­luş bi­len bag­ly düýp­li me­se­le ýok. Şu gün­ki gün­de tu­tuş­ly­gy­na ala­nyň­da, Ýer to­ga­la­gyn­da, do­gul­ýan­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Ýy­lyň ahy­ryn­a çenli dün­ýä­niň ila­ty 8 mil­liard­dan ge­çer.