Ça­ga­la­ryň wag­ty­ny gy­zyk­ly hem-de peý­da­ly ge­çir­mek­le­ri üçin oý­na­waç­la­ryň bir­nä­çe gör­nüş­le­ri oý­la­nyp ta­py­lyp­dyr. Mu­ňa agaç­dyr plast­mas­sa oý­na­waç­la­ry, gur­jak­la­ry, ki­çi­jik ma­şyn­la­ry we sö­kü­lip-dü­zül­ýän güý­men­je­le­ri my­sal ge­ti­rip bo­lar. Oý­na­waç­lar ça­ga­la­ryň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­mak­da, ýat­keş­li­gi­ni ös­dür­mek­de, tä­ze mag­lu­mat­la­ry öw­ren­me­gin­de hem-de aň-dü­şün­je taý­dan kä­mil­leş­­mek­le­rin­de örän peý­da­ly­dyr. Oý­na­waç oý­na­ýan ça­ga­lar tiz pi­kir­le­ni­şi we haý­sy­dyr bir ama­ly ber­jaý et­mek­de ugur­ta­py­jy­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar­lar. Soň­ky ýyl­lar­da ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nip oý­la­nyp ta­py­lan döw­re­bap oý­na­waç­la­ryň bir gör­nü­şi hem ro­bot oý­na­waç­lar­dyr. Ro­bot oý­na­waç­lar ça­ga­la­ryň aňy­nyň kä­mil de­re­je­de bol­ma­gy­na hem-de ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ra us­sat­lyk bi­len erk et­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Biz hem ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da si­zi ro­bot oý­na­waç­lar bi­len ta­nyş­dyr­ma­gy ma­kul bil­dik.

QRIO (ro­bot og­lan­jyk)
«So­ny» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2003-nji ýyl­da iş­le­nip dü­zü­len «and­ro­id» ro­bot­dyr. Bo­ýy 58 san­ti­met­re, ag­ra­my 8 ki­log­ra­ma deň bo­lan bu ro­bot zat­la­ry gö­te­rip, ça­la­syn he­re­ke­ti bi­len bas­gan­ça­ga çyk­ýar. Şeý­le-de tans edip, bir aýa­gy­nyň üs­tün­de du­rma­gy ba­şar­ýar. «Ro­bot og­lan­jyk» dün­ýä­niň dür­li dil­le­rin­de 60 müň söz bil­ýär. Ýüz-keşp­le­ri ta­na­ýan bu ro­bot buý­ruk­la­ra bo­ýun bo­lup, ze­rur ha­la­tyn­da «akyl­ly-paý­has­ly» so­rag­la­ry hem be­rýär. Oňa 64 MB RAM bi­len RISC R5000 esas­ly üç sa­ny içer­ki komp­ýu­ter or­naş­dy­ry­lan­dyr.
2005-nji ýyl­da QRIO iň çalt he­re­ket ed­ýän gu­ma­nid (ada­ma meň­zeş) ro­bot hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Ol iki aýak­da bök­üp, aýa­gy ýer­den üzü­len­de hem özü­ne erk edip bil­ýär. «Ro­bot og­lan­jyk» se­kunt­da 23 san­ti­met­re çen­li tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýär.

Pleo (ro­bot di­no­zawr)
Ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nip düzülen Pleo atly ro­bot di­no­zaw­ryň göw­re­si­niň uly bol­ma­gy oňa ge­rek­li bo­lan dat­çik­le­ri or­naş­dyr­ma­ga hem-de elekt­ro­ni­ka­ny giz­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ka­leb Çung ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zülen Pleo atly robot dinozawr Ame­ri­ka­nyň «Ugo­be» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýär.
Bu robot di­no­zawr 2006-njy ýy­lyň 7-nji few­ra­lyn­da Ari­zo­na şta­ty­nyň Skotts­de­il şä­he­rin­de ge­çi­ri­len kon­fe­ren­si­ýa­da köp­çü­li­ge hödürlenenden soňra sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýar. 2013-nji ýyl­da ro­bot di­no­zaw­ra ka­me­ra esas­ly gö­rüş, sesli jo­gap­la­r üçin niýetlenen mik­ro­fon, be­de­niň ma­ýyş­gak egil­me­gi üçin dat­çik­ler, agyz boş­lu­gy­nyň inf­ra­gy­zyl dat­çi­gi, ýag­ty­ly­gy we tem­pe­ra­tu­ra­ny du­ýu­jy sen­sor­lar, inf­ra­gy­zyl ka­bul edi­ji hem-de ge­çi­ri­ji we beýleki enjamlar or­naş­dy­ryl­dy. Ro­bot prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ni SD karty ýa-da USB por­ty ar­ka­ly tä­ze­le­mä­ge ukyp­ly­dyr.

Aibo (ro­bot gü­jü­jek)
«So­ny» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 1999-njy ýyl­da iş­le­nip dü­zü­len ro­bot it­le­riň bir gör­nü­şi­dir. Onuň daş keş­bi­ni ýa­po­ni­ýa­ly su­rat­ke­ş Ha­ji­me So­ra­ýa­ma iş­läp düz­ýär. Aibo ýa­pon sö­zi bo­lup, «söý­gi, mä­hir», «ýol­daş» ýa­ly ma­ny­la­ry ber­ýär. «Ro­bot gü­jük» wi­deo­ka­me­ra­nyň we inf­ra­gy­zyl dat­çik­le­ri­niň kö­me­gi bi­len tö­we­re­gin­dä­ki zat­la­ry «gö­rüp», buý­ruk­la­ry ber­jaý edip, ýüz­le­ri ta­nap bil­ýär. Ai­bo­nyň özü­ni alyp bar­şy daş­ky gur­şa­wa bag­ly­lyk­da üýt­ge­ýär. Dö­re­di­ji­ler Ai­bo­da bag­ty­ýar­lyk, gy­nanç, gor­ky, ýig­renç, geň ga­ly­jy­lyk we ga­har-ga­zap ýa­ly duý­gy­la­ryň bar­dy­gy­ny öňe sür­ýär­ler. Ol öz ho­ja­ýy­ny bi­len ara­gat­na­şyk sak­la­ma­ga, oýun­jak­ oý­nam­aga hem ukyp­ly­dyr. Ol ze­rur bo­lan dür­li dat­çik­ler, wi­deo­ka­me­ra, mik­ro­fon hem-de ses çy­ka­ry­jy­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr. Şeý­le hem bu ro­bot­la­ryň ara­syn­da «Ro­boCup» fut­bol oýun­la­ry hem gu­ral­ýar.

Fur­bi (gep­le­ýän ro­bot oýun­jak)
Ame­ri­ka­da 1998-nji ýy­lyň «Ro Christ­mas­dest­wo» baý­ram­çy­ly­gyn­da söw­da tek­je­le­rin­de peý­da bo­lup, şol ýyl iň köp sa­ty­lan oý­na­wa­ç bol­ýar. Tiz wagt­da äh­li ça­ga­la­ryň söý­gü­li oý­na­wa­jy­na öw­rü­len Fur­bi­niň 2000-nji ýy­la çen­li dün­ýä­niň 57 ýur­dun­da 40 mil­li­on­dan gow­rak nus­ga­sy sa­tyl­ýar. Fur­bi özü­ne mah­sus bo­lan di­lde – fur­biş di­lin­de gür­le­ýär. Onuň bi­len nä­çe köp «gür­le­şil­se», ol şon­ça hem köp söz­i «öz­leş­dir­ýär». Fur­bi­niň meş­hur­ly­gy ar­tan­dan soň onuň bil­ýän dil­le­ri­niň sa­ny 24-e ýe­t­ýär.
Bu oý­na­wa­jyň bir­nä­çe gör­nü­şi bo­lup, iň soň­ku­sy 2016-njy ýyl­da iş­le­nip dü­zül­ýär. Fur­bi­niň «Fur­by Bo­om», «Fur­by Con­nect World» prog­ram­ma­la­ry iOS we «And­ro­id» en­jam­la­ry bi­len ara­gat­na­şyk sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Siz Fur­bi­niň ady­ny tu­tup ýa­ny­ňy­za ça­gy­ryp, sy­pa­lap, ýag­da­ýy­ny hem so­rap bi­ler­si­ňiz. Bu oý­na­wa­jyň hä­si­ýe­ti we daş keş­bi wir­tul haý­wan Ta­ma­got­çä meň­ze­ýär.