Hytaý uglerod zyňyndylaryny hasaplaýan ulgamyň döredilmegini çaltlaşdyrmak boýunça meýilnamasyny yglan etdi. Milli ösüş we özgertmeler boýunça döwlet komissiýasy, Döwlet statistika müdirligi we HHR-iň Ekologiýa we daşky gurşaw ministrligi tarapyndan yglan edilen meýilnama laýyklykda, 2023-nji ýyla çenli ýurtda ygtyýarly edaralaryň arasynda jogapkärçilikleriň we borçlaryň anyk bölünmegi bilen we olaryň arasynda bilelikdäki yzygiderli hereket bilen häsiýetlenýän pudagara utgaşdyryş mehanizmi dörediler. Şeýle-de uglerod zyňyndylaryny hasaplamak üçin bitewi we standartlaşdyrylan ulgam hem dörediler.
Meýilnamada 2025-nji ýyla çenli uglerodyň zyňyndylaryny hasaplamak we degişli maglumatlar statistikasynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen bu ulgamyň kömürturşy gazlarynyň zyňyndylarynyň öňüni almak we uglerodyň bitaraplygynyň iň ýokary derejesini gazanmak ugrundaky tagallalaryna hemmetaraplaýyn, ylmy esasly we ygtybarly goldaw bermek üçin optimallaşdyrylmalydygy aýdylýar.
Şeýle hem, onda uglerod zyňyndylarynyň faktorlaryny klassifikasiýa etmek, ösen tehnologiýalary ulanmak, usulyýetleri öwrenmek we goldaw syýasatlaryny güýçlendirmek ugurlaryndaky çäreler beýan edilýär. Hytaý 2030-njy ýyla çenli kömürturşy gazlarynyň artmagynyň öňüni almaga we 2060-njy ýyla çenli uglerodyň bitaraplygyny gazanmagy maksat edinýär.