Geo­sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy ýag­daý­la­ra ga­ra­maz­dan, adam­lar sy­ýa­hat et­mek­den ýüz öwür­me­ýär­ler. Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy (UNW­TO) pan­de­mi­ýa bi­len bag­la­ny­şyk­ly çäk­len­dir­me­ler ýa­ty­ry­lan­dan soň, syýahatçylyk pu­da­gy­nyň ep-es­li di­kel­di­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. 2022-nji ýy­lyň il­kin­ji bäş aýyn­da 250 mil­li­on sy­ýa­hat­çy hal­ka­ra ser­het­le­rin­den ge­çip­dir. Ge­çen ýyl bu dö­wür­de di­ňe 77 mil­li­on ada­myň da­şa­ry ýurt­la­ra sy­ýa­hat eden­di­gi ha­bar be­ril­ýär.
UNW­TO-nyň ha­sa­ba­tyn­da pu­da­gyň kem-kem­den di­ke­lip, pan­de­mi­ýa­dan öň­ki de­re­je­le­re gaý­dyp gel­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Şu ýy­lyň il­kin­ji bäş aýyn­da dün­ýä­niň äh­li se­bit­le­ri­ne di­ýen ýa­ly sy­ýa­hat ed­ýän hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny düýp­gö­ter art­dy.
– Sy­ýa­hat­çy­ly­gyň di­kel­dil­me­gi dün­ýä­niň köp ýer­le­rin­de art­ýar we öz ýo­lun­da ýü­ze çyk­ýan kyn­çy­lyk­la­ry ýe­ňip geç­ýär – di­ýip, UNW­TO-nyň Baş sek­re­ta­ry Zu­rab Po­lo­li­kaş­wi­li aýt­dy. Şeý­le-de bol­sa, ol yk­dy­sa­dy we geo­sy­ýa­sy me­se­le­le­riň 2022-nji ýy­lyň ga­lan aý­la­ryn­da sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ösü­şi­ne tä­sir ýe­tir­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Sy­ýa­hat­çy­ly­gy di­kelt­mek­de Ýew­ro­pa we Ame­ri­ka öň­de bar­ýar
Ýew­ro­pa 2021-nji ýy­lyň il­kin­ji bäş aýy­na ga­ra­nyň­da, hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­la­ry­ny dört es­se köp ka­bul et­di. Mu­ňa se­bit­le­ýin güýç­li is­leg we köp ýurt­lar­da sy­ýa­hat çäk­len­dir­me­le­ri­niň ýa­ty­ryl­ma­gy se­bäp bol­dy. De­mir­ga­zyk we Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de iki es­se art­dy. Şeý­le-de bol­sa, bu di­kel­di­şiň dep­gi­ni 2021-nji ýyl­da­ky gow­şak ne­ti­je­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly. Umu­man aý­da­nyň­da, iki se­bit­de-de sy­ýa­hat­çy­la­ryň gel­me­gi, de­giş­li­lik­de, 2019-njy ýyl­da­ky­dan 36 we 40 gö­te­rim pes.
Kä­bir sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry, hu­su­san-da ABŞ-nyň Wir­gin ada­la­ry, Sen-Mar­ten, Mol­do­wa Res­pub­li­ka­sy, Al­ba­ni­ýa, Gon­du­ras we Pu­er­to-Ri­ko 2019-njy ýyl­da­ky de­re­je­sin­den hem ge­çip git­di. Bu pan­de­mi­ýa döw­rün­de iň agyr zy­ýan çe­ken pu­dak­la­ryň ara­syn­da sy­ýa­hat­çy­ly­gyň kem-kem­den di­kel­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Sy­ýa­hat­çy­ly­ga çyk­da­jy­lar we ka­bul ed­ýän ýur­duň gir­de­ji­le­ri
Sy­ýa­hat­çy­ly­ga çyk­da­jy­lar hem ýo­kar­lan­ýar. Fran­si­ýa­ly, ger­ma­ni­ýa­ly, ita­li­ýa­ly we ame­ri­ka­ly sy­ýa­hat­çy­lar pan­de­mi­ýa­dan öň hal­ka­ra sy­ýa­ha­t­da 70 gö­te­rim çyk­da­jy eden bol­sa­lar, in­di çyk­da­jy­la­ry 85 gö­te­ri­me çen­li art­dy. Hin­dis­tan­ly, sa­ud Ara­bys­tan­ly we ka­tar­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň çyk­da­jy­la­ry 2019-njy ýyl­da­ky de­re­je­sin­den geç­di.
Hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gyn­dan gel­ýän gir­de­ji­ler ba­bat­da Mol­do­wa Res­pub­li­ka­sy, Ser­bi­ýa, Seý­şel ada­la­ry, Ru­my­ni­ýa, De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýa, Sent-Lu­si­ýa, Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na, Al­ba­ni­ýa, Pa­kis­tan, Su­dan, Tür­ki­ýe, Bang­la­deş, Sal­wa­dor, Mek­si­ka, Hor­wa­ti­ýa we Por­tu­ga­li­ýa ýa­ly ýurt­lar eý­ýäm pan­de­mi­ýa­dan öň­ki de­re­jä do­ly ýe­tip ba­şar­dy­lar.