UEFA Çempionlar Ligasynyň täze möwsüminiň toparçalarynyň bijeleri şu gün çekiler. Stambulda geçiriljek bije çekiliş dabarasy Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlar. Gatnaşýan 32 klub UEFA-daky koffisentlerine görä 4 torba bölünip, olar 8 toparça paýlanar. Bije çekilişe UEFA-nyň ähli ýolbaşçylary bilen bir hatarda, klublaryň degişli ýolbaşçylary, şol sanda futbolyň öňki-soňky görnükli wekilleri gatnaşar. Şeýle-de, UEFA-da ýylyň futbolçysy, tälimçisi baýraklarynyň ýeňijileri-de mälim ediler.

1-nji torba

«Real Madrid» (Ispaniýa)

«Aýntraht» (Germaniýa)

«Mançester Siti» (Angliýa)

«Milan» (Italiýa)

«Bawariýa» (Germaniýa)

«Pari Sen-Žermen» (Fransiýa)

«Porto» (Portugaliýa)

«Aýaks» (Niderlandlar)

2-nji torba

«Liwerpul» (Angliýa)

«Çelsi» (Angliýa)

«Barselona» (Ispaniýa)

«Ýuwentus» (Italiýa)

«Atletiko Madrid» (Ispaniýa)

«Sewilýa» (Ispaniýa)

«RB Leipsig» (Germaniýa)

«Tottenham» (Angliýa)

3-nji torba

«Borussiýa Dortmund» (Germaniýa)

«Red Bull Salsburg» (Awstriýa)

«Şahtýor Donesk» (Ukraina)

«Inter» (Italiýa)

«Napoli» (Italiýa)

«Benfika» (Portugaliýa)

«Sporting» (Portugaliýa)

«Baýer» (Germaniýa)

4-nji torba

«Reýnjers» (Şotlandiýa)

«Dinamo Zagreb» (Horwatiýa)

«Marsel» (Fransiýa)

«Kopengagen» (Daniýa)

«Klub Brýugge» (Belgiýa)

«Seltik» (Şotlandiýa)

«Wiktoriýa Plzen» (Çehiýa)

«Makkabi Haýfa» (Ysraýyl)