Şu ýy­lyň 13-15-nji sent­ýab­ryn­da Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da «Adam­za­dyň go­wu­ly­gy üçin eme­li in­tel­lekt» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ri­ler. Ýur­duň mag­lu­mat we eme­li aň ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan gu­ral­ýan fo­rum ikin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýär. Er-Ri­ýad­da ge­çi­ril­jek mas­la­ha­ta dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­den bu ugur­da iş alyp bar­ýan hü­när­menler gat­na­şar. Mag­lu­mat we eme­li aň ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ab­dul­lah bin Şe­ref al-Ga­mi­di fo­rum­da eme­li in­tel­lek­tiň «akyl­ly» şä­her­ler, sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­kez­le­ri, gat­naw, ener­gi­ýa, me­de­ni­ýet, daş­ky gur­şaw we yk­dy­sa­dy­ýet ýa­ly mö­hüm ugurlara tä­si­ri ba­ra­da pi­kir al­şyl­jak­dy­gy­ny bel­le­di.
Mas­la­hat­da dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan ýüz­den gow­rak gat­na­şy­jy çy­kyş eder. Bi­ler­men­ler bar bo­lan kyn­çy­lyk­la­ry çöz­me­giň ýol­la­ry we eme­li aň usul­la­ry­nyň ula­ny­ly­şy­nyň ýo­ka­ry de­re­jä çy­ka­ryl­ma­gy ba­ra­da hem mas­la­hat­la­şar­lar.
Bu me­se­lä ba­gyş­la­nan il­kin­ji hal­ka­ra mas­la­hat 2020-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da ge­çi­ri­lip­di. On­laýn usul­da ge­çi­ri­len şol mas­la­hat­da iki ýüz­den gow­rak bi­ler­men çy­kyş edip­di.