Ir döwürler öňki Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda sahnalaşdyrylyp, köp ýyllaryň dowamynda teatryň repertuaryndan düşmän gelen «Ýediň enesi» atly sahna oýnunda ýedi doganyň körpesi Ýediniň, şeýle-de «Nejep oglan» dessany esasynda sahnalaşdyrylyp, ençeme ýylyň dowamynda halk köpçüligine görkezilen sahna oýnunda Nejebiň kakalygy Elwent bagşynyň keşbini ussatlarça janlandyryp, teatr muşdaklarymyzyň aňynda zehinli artist hökmünde galmagy başaran Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Begmyrat Gylyjow bilen söhbetdeş bolup, ony okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildik.

Beg­my­rat aga, söh­be­di­mi­zi sun­gat äle­mi­ne gel­şi­ňiz­den baş­la­ýa­lyň?
Men 1955-nji ýyl­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň öň­ki Gy­zy­lar­bat, hä­zir­ki Ser­dar şä­he­rin­de dün­ýä in­dim. Or­ta bi­li­mi şä­he­ri­miz­dä­ki 26-njy or­ta mek­dep­de al­dym. Men ça­ga­lyk­dan ka­kam­dan du­tar­da saz çal­ma­gy hem halk aý­dym­la­ry­ny aýt­ma­gy öw­ren­dim. Men mek­dep­de ede­bi­ýat, ta­ryh sa­pak­la­ry­na ýyk­gyn ed­ýär­dim. Çe­per eser­le­ri, ro­man­la­ry, po­west­dir he­ka­ýa­la­ry oka­ma­gy oňat gör­ýär­dim. 1966-njy ýyl­da, men en­tek og­lan­jyk­kam oba klu­bumyz­da «Türk­men­film»-iň film­le­ri gör­ke­zi­ler­di. Şol film­le­re me­nem to­ma­şa eder­dim. Me­niň esa­sy ün­sü­mi çe­ken meş­hur «Aý­gyt­ly ädim» fil­mi bo­lup­dy. Şol fil­me her ge­zek to­ma­şa ede­nim­de me­ni­ňem ar­tist bo­la­sym ge­lip, ki­no­da keşp jan­lan­dyr­mak hö­we­si dö­räp­di.
1974-nji ýyl­da ga­zetde Aş­ga­ba­da Mosk­wa­nyň A.W.Lu­na­çars­kiý adyn­da­ky teatr ins­ti­tu­tyn­dan türk­men og­lan-gyz­la­ryn­dan ar­tist bol­ma­ga hö­we­sek­le­ri oku­wa al­ma­ga gel­ýän­dik­le­ri ba­ra­da­ky bil­di­ri­şi oka­dym. Şeý­dip men bu ins­ti­tu­tyň akt­ýor­la­ry taý­ýar­la­ýan bö­lü­mi­ne kon­kurs esa­syn­da oku­wa ka­bul edil­dim. Me­niň du­tar­da saz ça­lyp bil­me­gim, halk aý­dym­la­ry­ny la­byz­ly aýt­ma­gy ba­şar­ýan­ly­gym sy­nag­dan geç­mä­ge kö­mek ber­di. Şeý­le-de, me­niň sun­gat äle­mi­ne ara­laş­ma­gy­ma ka­ka­myň tä­si­ri uly bol­dy.

Beg­my­rat aga, söh­be­di­mi­ziň şu ýe­rin­de ta­lyp­lyk ýyl­la­ry­ňy­zam ýat­laý­sa­ňyz?
Ins­ti­tut­da me­niň bi­len bir to­par­da An­na­mu­ham­met Gur­ba­now, Ça­ry Ber­di­ýew, Ak­ja Su­ha­no­wa, Ma­ral Dur­dy­ýe­wa ýa­ly soň hor­mat­ly at­la­ra my­na­syp bo­lan ar­tist­ler hem tä­lim al­dy­lar. Bi­ziň to­pa­ry­my­za us­sat mu­gal­lym­lar S.P.Os­tats­kiý, D.S.Paw­low, şeý­le-de pro­fes­sor J.La­ze­rew da­gy­lar akt­ýor us­sat­ly­gyn­dan tä­lim ber­di­ler.
Ma­ňa ins­ti­tut­da «Otel­lo» tra­ge­di­ýa­syn­da Ro­dig­ro­nyň dos­tu­nyň, W.Şuk­şi­niň «Eden­li adam­lar» ese­rin­de boks­ýor Kur­no­syň, A.Ko­ro­nyň «Çuň­ňur bar­lag» ese­rin­de Mo­ry­ýe­wiň keş­bi­ni jan­lan­dyr­mak yna­nyl­dy.

Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni ta­mam­lan ýaş ar­tist hök­mün­de te­at­ryň sah­na­syn­da jan­lan­dy­ran keşp­le­ri­ňi­zi hem ýat­laý­sa­ňyz?
Men 1979-njy ýyl­da ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni ta­mam­lap, Le­ba­byň Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky saz­ly dra­ma te­at­ry­na işe ber­ki­dil­dim. Ol te­at­ryň sah­na­syn­da il­kin­ji ge­zek ma­ňa M.Gur­ban­gy­ly­jo­wyň pýe­sa­sy esa­syn­da sah­na­laş­dy­ry­lan «Kim sen» at­ly sah­na oý­nun­da Ser­da­ryň keş­bi­ni jan­lan­dyr­mak mi­ýes­ser et­di. Şol teatr­da iş­län döw­rüm ma­ňa «Seý­di» spek­tak­lyn­da Seý­di­niň, «Jap­bak­lar­da» Jap­ba­gyň, «Ja­dy­göý Je­nan­da» Ana­ryň, «Şä­her tom­sun­da» Na­my­gyň, «Ýi­git ba­şy gow­ga­ly» spek­tak­lyn­da Ker­ti­giň, «Gö­rog­ly» spek­tak­lyn­da Öwe­ziň, A.Aga­ba­ýe­wiň «18-dir ýaş­la­ryn­da» Şa­ne­pe­siň keşp­le­ri­ni jan­lan­dyr­mak yna­nyl­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Ata Alo­wow ta­lyp­kam jan­lan­dy­ran keşp­le­ri­me to­ma­şa eden­den soň me­ni Mol­la­ne­pes adyn­da­ky Türk­men döw­let aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­na işe al­ma­ly di­ýen ne­ti­jä ge­lip­dir. 1985-nji ýyl­da men­de paý­tag­tyň şol wagt­ky baý­ry te­at­ryn­da iş­le­mek hö­we­si dö­räp­di. Iş­läp ýö­ren te­at­ry­myň şol wagt­ky ýol­baş­çy­sy Ab­dyl­la Ýa­ku­bow mu­ňa düý­bün­den gar­şy boldy, emma bu teatr­da iş­le­mek hö­we­sim üs­tün çyk­dy. Te­at­ryň şol wagt­ky ýol­baş­çy­sy, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti So­na My­ra­do­wa bol­sa me­ni gü­ler ýüz bi­len işe ka­bul et­di.
Ma­ňa baş te­at­ryň sah­na­syn­da il­kin­ji ge­zek «Har­man­dä­li» sah­na oý­nun­da aşyk Ke­re­miň keş­bi­ni jan­lan­dyr­mak, şon­dan soň «Sal­lah­lar­da» Bam­mak­gaň, «Ýe­diň ene­sin­de» Ýe­di­niň, «Jap­bak­lar­da» Jap­ba­gyň, «Hüýr­luk­ga-Hem­ra­da» Hem­ra­nyň, «Çy­nar mo­ni­fes­tin­de» Bä­ri­lo­mid­zä­niň, «Ga­la­da» Gar­ly­nyň, «Hin­di ro­wa­ýa­tyn­da» Mün­tez­ýet­di­niň, «Ne­jep og­lan­da» El­went bag­şy­nyň keşp­le­ri­ni jan­lan­dy­ryp, teatr muş­dak­la­ry­nyň söý­gü­si­ne my­na­syp bol­mak ne­sip et­di.
Men 1996-2005-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da esa­sy işi­miň da­şyn­dan «Ser­paý» to­pa­ryn­da hem bag­şy bo­lup iş­le­dim. Aý­dym-sa­za bo­lan hö­we­sim me­ni 2007-nji ýyl­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Mil­li saz­ly dra­ma te­at­ry­na alyp gel­di. Bu te­at­ryň sah­na­syn­da ma­ňa «Har­man­dä­li» spek­tak­lyn­da Aşyk Aý­dyň pi­riň, «Ar­şyn ma­la­lan­da» Sü­leý­ma­nyň, «Yk­bal öw­rüm­le­rin­de» Mak­sa­dyň, «Söý­gi ro­wa­ýa­tyn­da» baş we­zi­riň, «Et­me og­lan sen oýun­da» Şal­ly aga­nyň, «Söý­gi bi­zi ha­las eder­de» Aşyr­baý ba­lyk­çy­nyň, «Leý­li we Mejnun­da» Be­ni emi­riň, «To­ýu­my­za gel to­ýu­my­zada» Baý­ja am­mar­çy­nyň keşp­le­ri­ni dö­ret­mek ne­sip et­di. Men şu ýer­de ha­ly­pa­la­rym, türk­men sah­na­sy­nyň ägirt­le­ri So­na, Su­raý My­ra­do­wa­la­ra, Ata Alo­wo­wa, Mu­ham­met Çer­ke­zo­wa, Ab­dyl­la Ýa­ku­bo­wa, Ba­ba An­na­no­wa, Aman Gur­ban­dur­dy­ýe­we, Fah­ri­ýa Aly­ýe­wa, Sa­byr Ata­ýe­wa, Ogul­dur­dy Mäm­met­gu­ly­ýe­wa, An­na­my­rat My­ra­do­wa, Nur­mu­ham­met Keş­şi­ko­wa, Dur­dy Ora­ýe­we min­net­dar­ly­gy­my bil­di­re­sim gel­ýär.

Beg­my­rat aga, si­ziň ir dö­wür­ler du­tar­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren halk aý­dym­la­ry­ňy­zy muş­dak­la­ry­ňyz hä­li-hä­zir­le­rem ýa­dyn­dan çy­ka­ra­nok­lar.
Ha­wa, men di­ňe bir sah­na ar­tis­ti bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, du­tar çal­ma­gy hem-de halk aý­dym­la­ry­ny aýt­ma­gy hem gowy gör­ýän. «Üç gö­zel», «Su­wa ge­le­dir», «Al Se­nem», «Ge­lin» ýa­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ren halk aý­dym­la­rym diň­leý­ji­ler ta­ra­pyn­dan oňat gar­şy alyn­dy.

Beg­my­rat aga, siz ha­ly­pa ar­tist hök­mün­de hä­zir­ki ýaş ar­tist­le­re nä­hi­li mas­la­hat­la­ry ber­ýä­ňiz?
Ýaş ar­tist­le­re köp­räk çe­per eser­le­ri oka­ma­gy mas­la­hat ber­ýän. Sah­na­da keşp jan­lan­dyr­mak yna­ny­lan­da şol keş­bi özüň­de öz­leş­dir­me­gi ba­şar­ma­ly. Dö­red­ýän keş­biň bi­len se­niň hä­si­ýe­tiň aýan bol­ma­sa ol ynan­dy­ry­jy bol­ma­ýar. Sen şol keş­bi iç­ki dün­ýä­ňe or­naş­dyr­ma­ly, şo­ňa ynan­ma­ly, şon­da to­ma­şa­ça-da tä­si­ri ýet­ýär. Sun­ga­ty öw­re­ni­ji be­ýik şah­sy­ýet­le­riň aý­dy­şy ýa­ly, özü­ňi teatr­da söý­me­li däl-de te­at­ry özüň­de söý­me­li, ar­tist haý­sy kär­dä­ki, hä­si­ýet­dä­ki keş­bi jan­lan­dyr­sa-da, şol dö­red­ýän keş­bi­niň gah­ry­ma­ny­nyň üs­ti bi­len şol akt­ýo­ryň öz gy­lyk-hä­si­ýe­ti açyl­ma­ly­dyr. Ýaş ar­tist­ler bil­me­ýän zat­la­ry­ny ha­ly­pa ar­tist­ler­den öw­ren­me­li. Çün­ki sun­ga­ty ömür­bo­ýy öw­re­nip gez­me­li bol­ýar. Onuň aňyr­sy­na çyk­ma ýok.

Beg­my­rat Gy­ly­jow ba­ra­da onuň ha­ly­pa­sy, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Ata Alo­wow şeý­le di­ýip­dir:
– Beg­my­ra­dyň dö­re­di­ji­li­gi, te­bi­gy ze­hi­ni joş­gun­ly zäh­met bi­len ut­gaş­ýar. Ol en­tek ta­lyp dö­wür­le­rin­de me­niň ün­sü­mi özü­ne çek­di. Onuň tol­gun­dy­ry­jy, la­byz­ly se­si gu­la­gym­dan git­me­di. Beg­my­ra­dyň sah­na­da dö­re­den keşp­le­ri, kä­mil ýe­ti­şen ar­tis­tiň süň­ňün­den çy­kan keşp­ler. Ony şol dö­re­den keşp­le­ri ar­ka­ly to­ma­şa­çy­lar köp­çü­li­gi, teatr muş­dak­la­ry hem der­rew ýa­dyn­da sak­la­ýar­lar hem-de ony ýü­rek­den söý­ýär­ler. Bir ge­zek ha­ly­pa ar­tis­ti­miz Ata Dur­dy­ýew sah­na­ny gör­ke­zip «Yn­ha me­niň öýüm» di­ýe­ni me­niň ýa­dym­da. Beý­le diý­mä­ge el­bet­de, hu­kuk ga­zan­mak ze­rur. Beg­my­rat Gy­ly­jow­da şeý­le hu­kuk hem, ba­şar­nyk hem bar.
Ha­ly­pa ar­tist Beg­my­rat Gy­ly­jo­wyň türk­men teatr sun­ga­ty­ny ös­dür­mek üçin çe­ken dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti göz öňün­de tu­tu­lyp oňa 1996-njy ýyl­da «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti» di­ýen hor­mat­ly at da­kyl­dy. Şo­nuň ýa­ly-da ol «Wa­ta­na bo­lan söý­gü­si üçin» di­ýen me­da­lyň hem eýe­si­dir.
Beg­my­rat Gy­ly­jow maş­ga­la­sy Ogul­ke­ýik gel­ne­je bi­len iki gy­zy, bir og­ly ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­di­rip, dur­muş ýo­lu­na ata­ryp, ata bo­lup ýör. Ol söh­be­di­ni jem­le­mek bi­len, me­de­ni­ýet, sun­gat, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň zäh­me­ti­ne uly ba­ha ber­ýän hormatly Prezidentimize berk jan sag­lyk, uzak ömür, il-ýurt bäh­bit­li alyp bar­ýan tu­tum­ly iş­le­rin­de ro­waç­lyk­la­ry ar­zuw et­di.
Bi­ze bol­sa ha­ly­pa ar­tist, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Beg­my­rat Gy­ly­jo­wa dö­re­di­ji­lik äle­min­de mun­dan beý­läk hem ro­waç­lyk­la­ry ar­zuw edäý­mek gal­ýar.

Söhbetdeş bolan
Ak­my­rat Ho­ja­ber­di­ýew, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň hünärmeni.