Guşlar köp medeniýetlerde erkinligiň nyşany hasaplanýar. Sebäbi adamzat irki döwürlerden bäri uçmagyň arzuwyny edip gelipdir. Uçan wagty erkin bolup biljekdigi barada pikir edipdir. Her gün säher bilen jürküldeşýän guşlaryň sesi hem adamyň şähdini açýar, guşlaryň sesi adama oýanmaly wagtynyň gelendigini ýatladýar. Kepderi parahatçylygyň simwoly hasaplanýan bolsa, bürgüt batyrgaýlyk bilen baglanyşdyrylýar. Bu ýagdaý hemme halklar üçin şeýle bolsa, diňe belli bir milletiň simwoly hasaplanýan guşlar hem bar. Kwezal atly guş bolsa Gwatemala Respublikasynyň milli nyşany hasaplanýar. Owadan, näzik gözelligi bilen tapawutlanýan guşa bu ýurtda “Erkinlik guşy” diýilýär. Guş agaçdan-agaja uçup geçende daşky şekili ýokary tizlikli uçarlary ýadyňa salýar. Olaryň uzyn guýrugyndaky perler ýalpyldap, lenta ýaly pasyrdaýar. Gadymy Amerika halklarynyň arasynda erkinlik söýgüsiniň nyşanyna öwrülen kwezal guşunyň horazynyň has görnükli, uzyn ýelekleri bolýar, mäkiýanlarynyň reňki birneme solak bolup, olarda ýaşyl goňur çyzyklar geçýär. Bu guşlar wagtynyň köp bölegini agaç şahalarynda geçirýärler iýmit iýýärler we höwürtge gurýarlar. Rowaýata görä bu guşuň ady Aztek Panteon hudaýynyň hormatyna dakylanmyşyn. Uçýan wagty guşuň dürli öwüşginli gök we ýaşyl perleri has-da owadan görünýär. Iki sany perden ybarat bolan guýrugy bedeninden hem uzyn bolýar. Şeýle bolansoň, kwezal dünýädäki iň owadan guşlaryň biri hasaplanýar. Bu guşlar, esasan, miwedir ir-iýmişler bilen iýmitlenýär. Bu guşy diňe tebigy şertlerde görüp bolýar. Sebäbi ol kapasada uzak ýaşamaýar. Şol sebäpli oňa “erkinlik guşy” diýilýär. Dag tropiki tokaýlyk ýerlerini meýdanynyň azalmagy bu täsin guşlaryň sanynyň azalmagyna sebäp boldy. Häzirki wagtda kwezal guşy ýitip gitmek howpy abanýan görnüş hasaplanýar. Kosta Rikadada we Panamada kwezaly goramak üçin milli seýilgähler bar. Kwezal Merkezi Amerikada duş gelýän endemik görnüş bolup, Meksikanyň günortasyndan uzalyp gidýän dag tokaýlyklarynda ýaşaýar.
Ogulnur Muhanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby