Uelsiň Şagyzy Diananyň 1985-1988-nji ýyllarda ulanan awtoulagy auksion arkaly satyldy. Angliýada guralan auksionda hödürlenen gara reňkli “Ford Escort RS Turbo” ulagy 650 müň funt sterlinge satyldy. “Silverstone” auksion öýi tarapyndan geçirilen söwdasynda ulagy angliýaly biriniň alandygy mälim edildi.
Mundan ozal, geçen ýylyň iýunynda Şagyzy Diananyň ulanan başga bir “Ford” ulagy 52 müň funt sterlinge satylypdy.
Şagyzy Diana 1997-nji ýylyň 31-nji awgustynda Parižde awtoulag heläkçiliginde aradan çykypdy.
Ilkinji gezek 1968-nji ýylda öndürilip başlanan “Ford Escort” ulaglarynyň “Turbo” görnüşleri 1984-nji ýylda çykarylyp başlanýar. Birnäçe nesle degişli onlarça modeli bolan “Ford Escort”-yň dürli bazarlara niýetlenen görnüşleri dünýäniň dürli ýerlerindäki zawodlarda öndürilýär.