Ir döwürler “Türkmenfilm” kinostudiýasynda surata düşürilip, mawy ekran arkaly ençeme ýyllaryň dowamynda ýaýlyma goýberlen “Kärizgenler” atly çeper film, megerem kinomuşdaklarymyzyň ýadyndadyr. Türkmenistanyň halk artisti, aktýor hem režissýor Baba Annanowyň surata düşüren bu filminde waka Ikinji jahan urşunyň gidip duran wagty, tylda zähmet çekýän oba adamlarynyň durmuşyndan gürrüň berýär. Bu ekran eserinde-de Türkmenistanyň halk artisti Oguldurdy Mämmetgulyýewa tylda käriz gazýan obadaşlaryna kömek, goldaw berýän zenanyň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetiripdi. Aktrisanyň mundan başga-da ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki teatrynda sahnalaşdyrylan “Demir aýal” atly spektaklda-da janlandyran Demir aýalyň keşbi entekler tomaşaçylaryň aňyndan gitmez. Şol sanda Oguldurdy Mämmetgulyýewanyň şahyr Näzik Annatyýewanyň “Watannama” eseri esasynda režissýor hökmünde taýýarlan monospektakly we onda janlandyran baş keşbi bilenem giňden tanalýar.
Oguldurdy Mämmetgulyýewa 1937-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Artyk obasynda dünýä inýär. Ol özüniň çagalyk döwrüni, ýowuz urşuň elhenç pursatlarynda geçirmeli bolýar. Orta mekdebi tamamlanyndan soň, bialaç 1956-njy ýylda Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar bölümine okuwa girýär. Bialaç diýilmeginiň sebäbi ol aslynda, aktrisa bolmak isleýärdi. Ahyrynda 1959-njy ýylda tutanýerliligi, medeniýet-sungata bolan uly arzuwy Oguldurdyny Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky teatral institutyna eltýär. Ol ýokary okuwy tamamlap geleninden soň, ony şol wagtlar hereket edýän Ýaş tomaşaçylar teatryna işe ugradýarlar. Oguldurdy Mämmetgulyýewa bu teatryň sahnasynda häsiýeti boýunça, biri-birine meňzemeýän dürli keşpleri ussatlarça ýerine ýetirýär. Şolaryň biri-de Elza Hakkeriň keşbidir. Türkmenistanyň halk artisti, režissýor Durdymämmet Oraýewiň sahnalaşdyran “Peýkam” atly spektaklynda janlandyran bu keşbi tomaşaçylaryň ýadynda berk ornaýar. Ol bu keşbi ussatlarça janlandyrýar welin, spektakla syn eden adamlarda onuň şol keşbine garşy oňaýsyz pikirler döreýär. Bu bolsa aktrisanyň özüne ynanylan keşbi ussatlarça ýerine ýetirip bilýändiginden nyşan. Ýogsam Oguldurdy bu teatrda ilki-ilkiler janlandyran keşplerinde edil beýleki artistler ýaly, az-owlak säwliklere-de ýol beripdir. Ýöne sungat ýolundaky ilkinji ýyllarynda döredijilik taýdan bişişmedik ýaş aktrisa özündäki bar bolan nogsanlyklaryň tiz wagtda soňuna çykýar. Ol Gogolyň “Öýlenmek” komediýasynda Agafýa Tihonownanyň keşbini janlandyrýar. Bu spektakl aktrisanyň komediýa žanrynda-da ussatlygynyň ýokarydygyny görkezýär. Göwnüňe bolmasa, ol sahna çykanda, spektakl bütinleý janlanyp gidiberýän ýalydy. Oguldurdy Mämmetgulyýewa hemişe döredijilik gözlegindedi. Ýeten sepgitleri ony birjigem arkaýynlaşdyrmaýar. Ol sungat äleminde özüniň jogapkärçiligine düşünip, ilhalar keşpleri döretmegiň aladasynda bolýar. Onuň öz ussatlygyny artdyrmagy teatryň döredijilik toparynyň öňünde-de tomaşaçylaryň öňünde-de abraýyny has-da belende göterýär. Aktrisa “Gang” dramasynda batyr razwetkaçynyň, “Bu nähili beýle bolýar?” spektaklynda nebitçi gyz Aýgülüň, meşhur “Maşgala” dramasynda Annanyň, “Aý tutulan gijesi” tragediýasynda Bikäniň, kolhoz durmuşy barada gürrüň berýän “Ömrümiň örki” dramasynda Dursunyň, “Aprel we gyzjagaz” oýnunda Warýanyň, “Uly oglumda” Makyrskaýanyň, “Sarsgynda” Bibiniň, “Sen meniň ömrümde” Dursun ejäniň, “Altyn ýyldyzda” Möjek hanyň keşplerini janlandyryp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar.
Oguldurdy Mämmetgulyýewa 1986-njy ýyldan tä ömrüniň ahyryna çenli öňki Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda işleýär. Aktrisa bu teatryň sahnasynda hem ençeme gahrymanlaryň keşbine girip, tomaşaçylar köpçüliginiň söýgüli aktrisasy hökmünde özüni ykrar etdirýär. 1992-nji ýylda bu ýerde “Medeýa” spektakly sahnalaşdyrylýar. Spektaklda esasy keşp bolan Medeýanyň keşbini janlandyrmak Oguldurda tabşyrylýar. Bu keşp hem diýseň şowly bolup çykýar. Soňra “Medeýa” spektakly paýtagtymyzda geçirilen halkara teatr festiwalyna gatnaşyp, “Gran pri” baýragyna mynasyp bolýar. Şol spektaklyň yzysüresi teatryň döredijilik topary Gökdepede bolup geçen pajygaly söweşe bagyşlap, “Gala” atly spektakly sahnalaşdyrýar. Bu spektaklda Oguldurdy Mämmetgulyýewa enäniň keşbini janlandyrmagy ynanýarlar. Şonuň ýaly-da aktrisanyň ozalky Mollanepes adyndaky teatryň sahnasynda-da “Ýediň enesi” spektaklynda enäniň, “Çynar daragtynda” Wardonyň, “Ýaragly adamda” Nadeždanyň, “Optimistik tragediýa” spektaklynda-da komissaryň keşbi ýaly, dürli häsiýetli obrazlary ýerine ýetirýär. Onuň teatr sungatyna başlan gününden ömrüniň ahyryna çenli janlandyran keşpleriniň hemmesi hakynda bir pursatyň içinde durup geçmek mümkin däl.
Oguldurdy Mämmetgulyýewa kino sungatyndan-da daşda durmaýar. Başda-da belleýşimiz ýaly ol, “Kärizgenler” filminde, şol sanda “Meniň dostum Meleguş” kinosynda baş gahryman Altynyň kiçi gelnejesiniň, meşhur “Japbaklar” komediýasynda Işanyň aýalynyň keşbini ýerine ýetirýär. Aktrisanyň uzak bolmadyk döredijilik ýolunda bitiren işleri göze doly görünýär. Aktrisa: – Artistiň bar arzuwy döretmek. Näçe iş bitiren hem bolsaň, etmeli işleriň ondan hem kän bolup görünýär – diýerdi. Oguldurdy Mämmetgulyýewa öz esasy käriniň daşyndan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Teatr sungaty fakultetinde mugallymçylyk edip, ýaşlara “Aktýoryň ussatlygy” sapagyndan tälim berip, sungatyň inçe tilsimlerini öwredýärdi.
Oguldurdy Mämmetgulyýewanyň teatr hem kino sungatynda bitiren işlerini göz öňünde tutulyp, şeýle-de ýokary ýerine ýetirijiligi üçin oňa 1967-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti, 1993-nji ýylda-da Türkmenistanyň halk artisti diýen belent atlar dakylýar. Ömrüni teatr hem kino sungatyna bagyş eden Oguldurdy Mämmetgulyýewa öz durmuşyny teatrsyz asla-da göz öňüne getirip bilmeýändigini, teatr sungatynyň onuň ykbalydygyny öwran-öwran nygtaýar. Oguldurdy Mämmetgulyýewa sungat äleminde ägirt uly ýol geçdi. Onuň döreden ençeme sahna keşpleri türkmen teatr sungatynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylmaga müň kerem mynasypdyr. Sahnada Oguldurdy Mämmetgulyýewa diýlende tomaşaçylar köpçüligi, teatr muşdaklarymyz teatra barmaga howlugýardylar. Çünki olar bu aktrisanyň, ussatlygyna, daş ýaran zehinine hormat goýýardylar. Onuň her bir täze döreden sahna keşplerinden joşup, lezzet almaga howlugardylar. Oňa hormat goýýardylar. Oguldurdy Mämmetgulyýewanyň sahnada döreden keşpleri ynsan gözelliginiň, ahlak päkligiň adamkärçilik sypatlarynyň iň ajaýyp nusgalaryny sahna sungatynyň üsti bilen işjeň teswirleýär. Ykbalyny teatr sungatyna bagyş eden, Türkmenistanyň halk artisti Oguldurdy Mämmetgulyýewa 2004-nji ýylda 68 ýaşynyň içinde aradan çykýar. Emma onuň bilen teatryň sahnasynda bile çykyş edip, bir tabakdan duz iýen kärdeşleri, şägirtleri şeýle hem onuň sungatynyň muşdaklary ony hiç haçan ýatlaryndan çykarmaýar. Çünki ýagşy ynsan, käriniň ussady asla unudulmaýar. Belent adamkärçilik sypatlaryny hatyralaýan, Alla tarapyn berlen ýiti zehininden lezzet alanlaryň kalplarynda ýaşaýar. Çünki bu päk ýürek, şadyýan, nurana sungata bütin durky bilen berlen zenan barada öwgüli sözleri näçe aýtsaň-da bärden gaýdýar. Goý onuň ruhy elmydama şat bolsun. Häzirki wagtda Oguldurdy Mämmetgulyýewanyň 1 ogly, 2 agtygy ykbalyny sungata baglap giden beýik ynsana buýsanyp, işläp hem okap ýör.
Akmyrat Hojaberdiýew,
teatr sungatyny öwreniji.