Sentýabr aýynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň geçiriljek ýeri “Silk Road Samarkand” syýahatçylyk merkezi Özbegistanyň Samarkand şäherinde açyldy. Merkeziň açylyş dabarasyna ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.

260 gektardan gowrak meýdanda gurlan merkeziň iki tarapyndan hem kanal akyp geçýär. Bu ýerde 1,2 müňe golaý otagly sekiz myhmanhana, şol sanda, ýurtdaky ilkinji iki sany bäş ýyldyzly myhmanhana, Ebedi şäher kerwensaraýy we ŞHG-a agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň 15-16-njy sentýabrda geçiriljek sammitiniň kongres zaly guruldy. 18 müň inedördül metre deň bolan kongres merkeziniň meýdanynda 3,5 müň adamlyk 13 konferensiýa zaly bar.

Soňky ýyllarda Samarkandy syýahatçylyk merkezine öwürmek üçin köp sanly döredijilik işleri geçirildi. Mirziýoýew açylyş dabarasynda “Täze açylan syýahatçylyk merkeziniň bu ýolda möhüm ädimdigini” aýtdy. Özbegistanyň Prezidenti merkeziň gurluşugynda ýerli binagärlik, taryhy we medeni däp-dessurlar göz öňünde tutulandygyny  atdy.

Wise-premýer, Özbegistanyň Syýahatçylyk we medeni miras ministri Aziz Abdukhakimow bu merkeziň baş potratçylary “Enter Engineering”, Ýüpek ýoly gaznasy” bolup, Şweýsariýa we Özbek banklarynyň göni maýa goýumlary arkaly bina edilendigini aýtdy.

ŞHG 2001-nji ýylda döredilen halkara guramadyr. Oňa Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Pakistan we Özbegistan gatnaşýar. Synçy ýurtlar – Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa, hyzmatdaş ýurtlar – Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka. ŞHG-niň 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Duşanbe şäherinde geçirilen sammitinde Eýrany gurama kabul etmek we Müsüre, Katara we Saud Arabystanyna gepleşik boýunça hyzmatdaş derejesini bermek tertibi başlandy. Şu ýyl Belarus ŞHG-ä doly agza bolmak üçin resmi taýdan ýüz tutdy.