Beýik Britaniýada Ýer ýüzüniň tokaýlarynyň 3D kartasyny işläp düzmek maksady bilen emeli hemra döredildi. BIOMASS atly emeli hemra, dünýäde ilkinji P-diapazonynyň radary berkidiler. Ol uzynlygy 70 santimetr bolan tolkunlarda hereket edip, has gaty jisimlere aralaşmak ukyby bilen tapawutlanýar.
Gural tokaý örtüginiň topraklaryna göz aýlap, sintezlenen apertura radiolakatoryny ulanyp tokaý kartasyny jikme-jik işläp düzer. Netijede, alymlar tokaý biomassasynyň möçberine gönüden-göni baha berip, tokaýlaryň çapylmagynyň howanyň üýtgemegine edýän täsirini kesgitläp bilerler.
Şeffild uniwersitetiniň emeli hemrany işläp düzüjileri, ýalňyşlyk ähtimallygyny azaltmak we ýagdaýy synlamak maksady bilen şol bir ýeri birnäçe gezek skanirlemegiň aýratyn möhümdigini nygtaýarlar. – Netijede, biz tokaýlaryň 3D kartasyny dörederis – diýip, taslamanyň ylmy ýolbaşçysy, Şeffildiň uniwersitetiniň professory Şon Kwigan aýdýar.
Häzir wagtda gurnama we synag tapgyryndaky bu enjamy 2023-nji ýylyň ahyrynda uçurmak meýilleşdirilýär. Şeýle tehnologiýa mundan öň bar bolan barlag usullaryna garanyňda, has doly we giň möçberde maglumat almaga mümkinçilik berer. BIOMASS bäş ýylyň dowamynda her alty aýdan tokaýlary öwrener. Alymlar şeýle çemeleşme bilen gizlin ýatan arheologiki çäkleriň üstüni açyp boljakdygyny hem belleýärler.
Kaliforniýa ştaty ABŞ-da iň uly awtoulag bazaryna eýedir we howa krizisini çözmek maksady bilen ýörite kanunlary işläp düzdi. Iň azyndan bäş ştat indiki ýylyň içinde benzin bilen işleýän ulaglara gadagançylyk girizip biler. Häzirki wagtda ABŞ-da satylýan awtoulaglaryň diňe 6 göterimi elektrikli bolup, şunuň bilen birlikde, ABŞ käbir Ýewropa ýurtlaryndan we Hytaýdan bazar paýy boýunça asgyn gelýär. 2021-nji ýylda Prezident Jozef Baýden ABŞ-da satylýan ähli täze awtoulaglaryň ýarysynyň 2030-njy ýyla çenli howa goýberýän zyňyndylarynyň nol derejede bolmagyny talap edýän karara gol çekdi.
Ýakynda inflýasiýany azaltmak baradaky kabul edilen kanun, beýleki ýagdaýlar bilen bir hatarda, elektroulaglaryň satyn alynmagyny goldamak üçin salgyt ýeňilliklerini üpjün eder. Birnäçe garaşsyz barlaglara görä, bu kanunyň 2030-njy ýyla çenli ABŞ-nyň içerki uglerod yzlaryny 40 göterime çenli azaltmagyna garaşylýar.