Dubaýda dünýäniň iň beýik hem-de meşhur gökdiräni bolan Burj Halifanyň üstüniň ýetirilip, onuň töwereginde halka görnüşli ägirt uly desga gurmak meýilleşdirilýär. Bu taslama Dubaýdaky “ZNera Space” binagärlik kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýär. Olar häzirki zaman şäheriniň ajaýyp görnüşini – ägit uly desga bolan Burj Halifanyň töwereginde “üznüksiz megapolisi” gurmagy maksat edinýärler.
“Downtown Circle” atl taslamany işläp düzüjiler, dünýäniň iň beýik desgasynyň töwereginde ägirt uly halka görnüşli desgany bina etmegi göz öňünde tutýarlar. Bu taslama, dünýä ilatynyň yzygiderli ösmegine we şäher merkezleriniň özgerýän gurluşyna jogap boljakdygy habar berilýär. Esasan hem, soňky ýyllarda Dubaýda, gökdiränleriň sanynyň artmagy, şäheriň ykdysady we medeni durmuşynyň okgunly ösmegine sebäp boldy. Binagärler bu gezek gökdiräniň ýerine täze tegelek binany bar bolan binanyň töwereginde ýerleşdirmek isleýärler. Desganyň diametri 3 kilometre deň. Onuň Burj-Halifany gurşap alýandygy sebäpli, ajaýyp panoramik görnüşleri hem-de arassa howany wada berýär. Bu desganyň içinde medeni merkezler, edarlar we ýaşaýyş jaýlary ýerleşer. Gökdiräniň halkasynyň hatda öz ulaglary hem bolar. Asma kapsulalaryň tutuş topary ýolagçylary aşaky hatardan halkanyň ugry bilen gatnadar. Bu giperkapsulalarda sagatda 100 kilometre çenli tizlik bilen hereket edip, 500 metr belentlikden tutuş şäheriň panoramasyny synlap bolar.