Alžir we Fransiýa hyzmatdaşlygyny täzeden dowam etdirmek barada bilelikdäki jarnama gol çekdi. Bu resminama Alžiriň halkara howa menzilinde geçirilen dabarada Alžiriň Prezidenti Abdelmajid Tebbun we bu ýurda resmi sapar bilen gelen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron tarapyndan gol çekildi.
Çäräniň dowamynda Abdelmajid Tebbun fransuz kärdeşiniň üç günlük saparynyň “ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin juda zerurdygyny we peýdalydygyny” belledi.
Iki ýurduň Prezidentleri ýokary bilim we ylmy barlaglar boýunça “hemişelik hyzmatdaşlygy” ýola goýmak baradaky hökümetara şertnamasyna goşmaça, derman, ylmy-barlag, sport we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk barada bäş şertnama gol çekdiler. Şeýle hem, taraplar Alžir 1962-nji ýyla çenli öz garaşsyzlygyna eýe bolýança iki ýurduň taryhy geçmişini ýatlamak bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin taryhçylaryň bilelikdäki toparyny döretmek barada ylalaşdylar. Emmanuel Makronyň bu saparynda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek maksat edinilýär.