IL­KI “LA LA LEND”,
SOŇ­RA “AÝYŇ ÝAG­TY­SY”
Ki­no sun­ga­ty­nyň iň ýo­ka­ry sy­la­gy ha­sap­lan­ýan Os­kar baý­rak­la­ry 89-njy ge­zek öz my­na­syp­la­ry­na gow­şu­ryl­dy. Los An­je­les­dä­ki “Dol­by” te­at­ryn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra ýat­dan çyk­ma­jak wa­ka­la­ra diý­seň baý bol­dy. Bel­li ko­me­di­ýa­çy Jim­mi Kim­me­liň alyp ba­ran çä­re­si­niň ahy­ryn­da, ýag­ny baş baý­ra­gyň ýe­ňi­ji­si­niň yg­lan edi­len pur­sa­dyn­da ýü­ze çy­kan wa­ka, säw­li­ge Os­ka­ryň 89 ýyl­lyk ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek duş ge­lin­di. Her ýy­lam iň go­wy fil­mi Gol­li­wu­dyň ägirt­le­ri, we­te­ran akt­ýor­dyr akt­ri­sa­la­ry mä­lim ed­ýär. Aka­de­mi­ýa bu ge­zek şeý­le hor­ma­ty akt­ýor Wor­ren Bit­ti bi­len akt­ri­sa Feý Da­na­we­ýe ynan­dy. Ola­ram öz­le­ri­ne ber­len buk­ja­ny aç­sa­lar, on­dan “La La Lend” (La La Land) fil­mi­niň ady çyk­dy. As­lyn­da esa­sy fa­wo­ri­tem, hem­mä­niň ga­raş­ýa­ny-da şol­dy. Fil­miň dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri sah­na çy­kyp, öz min­net­dar­lyk­la­ry­ny bil­di­rip baş­la­dy­lar. Az sa­lym­dan soň, fil­miň prod­ýu­ser­le­rin­den Jor­dan Ho­ro­witz mik­ro­fo­ny eli­ne alyp, uly ýal­ňyş­ly­gyň bo­lan­dy­gy­ny, ha­ky­ky ýe­ňi­ji­niň “Aýyň ýag­ty­sy” (Mo­on­light) fil­m­di­gi­ni mä­lim edip, şol kinonyň ady­nyň ýa­zy­lan buk­ja­sy­ny hem­mä gör­kez­di. Şon­dan soň, “Aýyň ýag­ty­sy” fil­mi­niň prod­ýu­ser­dir re­žiss­ýo­ry, ar­tist­le­ri çy­kyp, aka­de­mi­ýa sag­bol­sun­la­ry­ny aýt­dy­lar. Ha­ly­pa akt­ýor Wor­ren Bit­ti özü­ne iň go­wy akt­ri­sa baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­si­niň (Em­ma Stoun, “La La Lend”) ady­nyň ýa­zyl­gy buk­ja­sy­nyň ber­len­di­gi­ni bel­läp, şol se­bäp­li az-ow­lak ga­ra­şan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Çä­re­den soň, Os­ka­ryň gu­raý­jy­la­ry hem­me­ler­den – alyp­ba­ry­jy Jim­mi Kim­mel­den, Wor­ren Bit­ti­den, “La La Lend”, “Aýyň ýag­ty­sy” fil­mleriniň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ryn­dan, to­ma­şa­çy­lar­dan uly ötünç so­ra­dy. Ha­wa, şu­ňa meň­zeş wa­ka “2015–Älem gö­ze­li” ýa­ry­şyn­da-da bo­lup­dy. Alyp­ba­ry­jy ýeňiji diýip, ýal­ňyş­lyk bi­len 2-nji ýe­ri alan ko­lum­bi­ýa­ly gy­zyň ady­ny okap­dy. Oňa täç gow­şu­ry­lan­dan soň­ra-da, ýe­ňi­ji­niň fi­lip­pin­li ze­nan bo­lan­dy­gy­ny, özü­niň ýal­ňy­şan­dy­gy­ny aý­dyp­dy.

IŇ ÝAŞ RE­ŽISS­ÝOR
89-njy ge­zek ge­çi­ril­ýän Os­kar da­ba­ra­syn­da iň go­wy akt­ri­sa baý­ra­gy­na “La La Lend” fil­mi üçin Em­ma Stoun la­ýyk gö­rül­di. Iň go­wy akt­ýor baý­ra­gy-da ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, “De­ňiz­dä­ki Man­çes­ter” fil­mi üçin Keý­si Aff­le­ge be­ril­di. Iň go­wy re­žiss­ýor diý­lip, “La La Land” fil­mi­ni su­ra­ta dü­şü­ren 32 ýaş­ly Da­mi­en Şa­zell saý­lan­dy. Ol bu sy­la­gy alan iň ýaş re­žiss­ýor bol­dy. Ikin­ji plan­da­ky akt­ýor we akt­ri­sa diý­len ugur­da de­giş­li­lik­de Ma­her­şa­la Ali (“Aýyň ýag­ty­sy”, Mo­on­light) bi­len Wio­la De­wis (“Gö­ze­nek­ler”, Fences) ta­pa­wut­lan­dy. Ma­her­şa­la Ali bu baý­ra­gy ga­za­nan il­kin­ji mu­sul­man diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. Iň go­wy asyl sse­na­riý baý­ra­gy “De­ňiz­dä­ki Man­çes­ter” fil­mi üçin ki­no­nyň re­žiss­ýo­ry hem-de sse­na­ri­çi­si Ken­net Lo­ner­ga­na be­ril­di. Adap­tir­le­nen sse­na­riý baý­ra­gy-da “Aýyň ýag­ty­sy” fil­mi­niň sse­na­ri­çi­le­ri Ber­ri Jen­kin­se (şol bir­wag­tyň özün­de-de re­žiss­ýo­ry) bi­len Ta­rell Al­win MakK­ra­ne­ýe gow­şu­ryl­dy. Iň go­wy ani­ma­si­ýa baý­ra­gy ug­run­da da­laş­gär gör­ke­zi­len 5 mult­fil­miň ara­syn­dan “Haý­wan­lar şä­he­ri” (Zoo­to­pia) öňe çyk­dy. Da­şa­ry ýurt di­lin­dä­ki iň go­wy film baý­ra­gy­na eý­ran­ly re­žiss­ýor As­gar Far­ha­di­niň “Sa­ty­jy” (Fo­rus­han­de) kinosy la­ýyk gö­rül­di. Ol dür­li se­bäp­ler­e görä gat­naş­ma­dy. Heý­ke­li onuň adyn­dan NA­SA-nyň ze­nan kos­mo­nawt we in­že­ne­ri Anu­şeh An­sa­ri ka­bul et­di. Far­ha­di­niň “Na­der bi­len Si­mi­niň aý­ra­ly­gy” (Jo­dai-e Na­der az Si­min) ki­no­sy-da 2011-nji ýyl­da, has ta­ky­gy 84-nji Os­kar baý­rak­la­ryn­da bu hor­ma­ta my­na­syp bo­lup­dy. Os­ka­ryň ta­ry­hyn­da da­laş­gär­le­riň ara­syn­da­ky iň uzak wagt­lap do­wam ed­ýän ek­ran ese­ri bo­lan “O.J.: Ame­ri­ka­da ön­dü­ri­len” (O.J.: Ma­de In Ame­rica) iň go­wy do­ku­men­tal fil­mi diý­lip saý­lan­dy. 467 mi­nut­lap do­wam ed­ýän ekran eserini Ez­ra Edel­man su­ra­ta dü­şür­di.

21-nji GE­ZEK MY­NA­SYP BOL­DY
Teh­ni­ki baý­rak­lar­da-da heý­kel­jik­ler dür­li ki­no­la­ra paý­lan­dy. Da­ba­ra­nyň 6 heý­kel­jik­li ki­no­sy “La La Lend” 4 sy­la­gy­ny teh­ni­ki baý­rak­lar­dan al­dy. Film iň go­wy saz (Jas­tin Hur­witz), aý­dym (“City of Stars” aý­dy­my, Benž Pa­sek bi­len Jas­tin Pol), şeý­le-de iň go­wy önüm­çi­lik be­ze­gi (De­wid Was­ko bi­len Sen­di Reý­nolds-Was­ko) we ope­ra­tor (Li­nus Sandg­ren) baý­rak­la­ry­ny ga­zan­dy. 21 ýyl­dan soň, Os­ka­ra da­laş­gär bo­lan Mel Gib­so­nyň “Sö­weş jül­ge­si” (Hacksaw Rid­ge) fil­mi iň go­wy mon­taž (Jon Jil­bert) we iň go­wy ses di­ýen ugur­da Os­ka­ra la­ýyk gö­rül­di. Iň go­wy ses baý­ra­gy­ny alan­la­ryň bi­ri-de Ke­win O’Kon­nell bo­lup, ol Os­ka­ra 21-nji da­laş­gär­li­gin­de ar­zu­wy­na ýet­di. O’Kon­nell 20 da­laş­gär­lik­de-de Os­ka­ry alyp bil­män, bu ugur­da an­ti­re­kor­dyň eýe­si­dir. Iň go­wy ses mon­ta­žy baý­ra­gy­na “Gel­mi­şek­ler” (Ar­rival) ki­no­sy üçin Sil­wi­an Bel­le­meýr Os­ka­ra my­na­syp bol­dy. Iň go­wy wi­zu­al ef­fekt­ler ug­run­da “Walt Dis­ney”-iň önü­mi bo­lan “Jeň­ňel ki­ta­by” (The Jung­le Bo­ok) at­ly ek­ran ese­ri saý­lan­dy. Iň go­wy ma­ki­ýaž we saç be­ze­gi baý­ra­gy­ny “Ar aly­jy­lar to­pa­ry” (Suicide Squad), iň go­wy grim sy­la­gy­ny-da “Fan­tas­tik jan­dar­lar we ola­ry ni­re­den tap­ma­ly?” (Fan­tas­tic Beasts and Whe­re to Find Them) film­le­ri­niň de­giş­li iş­gär­le­ri eýe­le­di­ler.
14 ugur­da da­laş­gär gör­ke­zi­lip, bu ba­bat­da “Ewa ha­kyn­da hem­me zat” we “Ti­ta­nik” ki­no­la­ryň re­kor­dy­ny gaý­ta­lan “La La Lend” ki­no­sy 6 heý­kel­jik bi­len do­lan­dy. “Aýyň ýag­ty­sy” 3, “De­ňiz­dä­ki Man­çes­ter” we “Sö­weş jül­ge­si” film­le­ri-de 2 heý­kel­jik ga­zan­dy.