Türkmenabat şäherinde täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bu dermanhana ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasyna degişlidir. Bu kärhananyň ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ugra degişli desgalary dolandyrmakda tejribesi bar. Şu ýylyň aprel aýynda bu hususy kärhananyň Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde-de dermanhanasyny açandygyny ýatlamak ýerlikli bolar.

Täze dermanhananyň iri lukmançylyk edaralarynyň — Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň hem-de “Ene mähri” merkeziniň golaýynda amatly ýerde ýerleşmegi adamlaryň yzygiderli gelmegini kepillendirýär. Häzirki zaman sanly enjamlary bilen üpjün edilen dermanhana irden sagat 7-den 23-e çenli arakesmesiz işleýär. Dermanhanada hasaplaşygy nagt we nagt däl görnüşde amala aşyryp bolar.

Umumy meýdany 500 inedördül metr bolan bir gatly, ýagty we giň binada dermanlary, lukmançylyk enjamlaryny satýan bölümler, ammar we beýlekiler ykjam ýerleşdirildi. Dermanhananyň işgärleri tejribeli hünärmenlerden, maslahat berýän lukmanlardan ybaratdyr. Bu bolsa alyjylara ýokary hünär derejesinde maslahat almaga mümkinçilik berýär.

Dermanhanada ýurdumyzda öndürilýän derman serişdeleriniň giň görnüşleri hem-de lukmançylyk enjamlary, bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikler, Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndüriji ýurtlarynyň derman serişdeleri we ýörite enjamlary hödürlenýär.