Ýurdumyzda täze okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Okuwlar ozalky ýyllarda bolşy ýaly, gaýtadan adaty tertipde amala aşyrylar. 1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni belleniler. Şol gün täze mekdepleriň birnäçesi açylyp, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berler. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde ak mekdebiň gapysyndan ilkinji gezek ätlän çagalara okuw kompýuterlerini gowşurmak dabarasy geçiriler.
Täze okuw ýylynda ýurdumyz boýunça 1882 orta mekdepde 1 million 574 müň 737 okuwçynyň, şol sanda 1-nji synplarda 159 müň 772 çaganyň, raýat ugurly 20 sany ýokary okuw mekdebinde 65 müň 242, orta hünär okuw mekdepleriniň 42-sinde 26 müň 479 talybyň okamagyna garaşylýar. Şu ýyl giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran 15 326 talyp ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde öz saýlan hünärleri boýunça bilim alyp başlarlar.
2022-2023-nji okuw ýylynyň ilkinji sapagy bolsa «Halkyň Arkadagly zamanasy» ady bilen geçiriler.
Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.