Fransiýanyň Premýer-ministri Elizabet Born ýurduň daşky gurşaw özgerişlerini çaltlaşdyrmak maksady bilen 1,5 milliard ýewro (1,5 milliard dollar) möçberindäki ýaşyl gaznanyň döredilýändigini habar berdi.
Fransiýanyň Premýer-ministri “Le Parisien” gazetine beren interwýusynda “ýaşyl” gaznanyň serişdeleriniň “ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça çözgütleri ornaşdyrmak” maksady bilen ýerli häkimiýetlere bölünip beriljekdigini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýakyn wagtda energiýa meýilnamasy we daşky gurşawy meýilleşdirmek boýunça uzak möhletleýin hereket meýilnamasy hödürlener.
– Ekologiýa geçişini çaltlaşdyrmak üçin bu meýilnama bilen durmuşymyzyň ähli ugurlarynda hereket edip, gurluşyk, transport, senagat, oba hojalygy, suw ätiýaçlyklarynyň dolandyrylyşy ýaly ugurlarda uly işleri berjaý eder – diýip, Elizabet Born belledi.
– Howanyň üýtgeýändigi hakykat. Biziň her birimiz ony şu tomusda başdan geçirdik. Şonuň üçin uýgunlaşmak üçin tiz hereket etmeli. Biziň fransuzlara hakykaty aýtmagymyz möhümdir – diýip, Premýer-ministr belledi.