Italiýanyň ultra sagçylarynyň lideri, “Italiýanyň doganlary” partiýasynyň başlygy Jorja Meloni sentýabr aýynda geçiriljek saýlawlarda özüni ýurduň Premýer-ministri wezipesine dalaşgär görkezmekçidigini mälim etdi.

–  Men saýlawlara gatnaşmaga taýyn. Häzir bilermenleriň pikiriçe, italiýalylaryň köpüsi biziň partiýamyzy goldaýar – diýip, “Italiýanyň doganlary” partiýasynyň lideri Jorja Meloni aýtdy.

Meloni,  Matteo Salwininiň “Liga” partiýasy we Silwio Berluskoniniň “Öňe Italiýa” koalisiýasynyň bir bölegi hökmünde saýlawlara gatnaşar. Häzirki wagtda ýurtda geçirilen pikir soralyşyklarda, “Italiýanyň doganlary” bileleşikdäki hyzmatdaşlaryndan öňde barýar. 21-nji iýulda Italiýanyň Premýer-ministri Mario Dragi öz hökümetini goldaýan uly bileleşik dargandan soň işinden çekildi. Prezident Serjo Mattarella parlamenti ýatyryp, 25-nji sentýabrda nobatdan daşary saýlawlary geçiriljekdigini mälim etdi. Bilermenleriň aýtmagyna görä, “Italiýanyň doganlary” uly abraýdan peýdalanyp, onuň lideri Jorja Meloni ýeňiş gazanan halatynda Italiýa hökümetine ýolbaşçylyk etjek ilkinji zenan bolup biler.