Polşaly bagban Sebastýan Suski dünýäniň iň uzyn hyýaryny ösdürip ýetişdirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýtynda bellenilip geçilipdir.
Angliýanyň Sautgempton şäherinde ýaşaýan bagban hyýaryň “Cucumis sativus” görnüşini ýyladyşhanada ösdürip ýetişdirdi. Onuň uzynlygy 113,4 santimetr bolup, ozalky rekorddan 6,4 santimetr uzyndyr. Sebastýan 7 ýyldan bäri has uly möçberdäki dürli gök-bakja önümleri we miweleri ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Ol Ýewropanyň ägirt uly bakja önümlerini öndürijiler assosiasiýasynyň meýletinçisidir. Şeýle hem Uly kädi arkalaşygynyň halkara hünärmenidir.