30-njy awgustda Mihail Sergeýewiç Gorbaçýow Moskwanyň Merkezi kliniki hassahanasynda uzaga çeken agyr  keselden soň aradan çykdy. Bu maglumatlary RIA Nowosti habar berýär. Şu ýyl SSSR-iň ilkinji Prezidentiniň 91 ýaşy dolupdy.

Mihail Sergeýewiç Gorbaçýow Moskwadaky Nowodewiçi gonamçylygynda, aýalynyň ýanynda jaýlanar. Mihaýil Sergeýewiç Gorbaçýow 1931-nji ýylyň 2-nji martynda Stawropol ülkesiniň Priwolnoýe obasynda daýhan maşgalasynda dünýä indi. Oňa 300-den gowrak döwlet we jemgyýetçilik baýraklary, diplomlar, hormat şahadatnamalary gowşuryldy. Ol 1990-njy ýylda Nobeliň Parahatçylyk boýunça baýragyna eýe boldy.