Gutusy açylmadyk ilkinji “iPhone” hem-de “iPod” rekord bahadan satyldy. Auksionda 2007-nji ýylda öndürilen “iPhone” 35 müň 414 dollara satyldy. 2001-nji ýylda satuwa çykarylan ilkinji “iPod” bolsa, “iPhone RR Auction” tarapyndan 25 müň dollara satyldy.
Ilkinji “iPhone”-laryň satuwa çykarylmagy bilen smartfon bazary gysga wagtda uly ösüş gazandy. Ondan öň has ýönekeý el telefonlary bolup, bu bazarda Finlýandiýanyň “Nokia” kompaniýasy birnäçe ýyllap öňdeligi saklapdy. “Apple”-iň ilkinji “iPhone”-yndan soňra beýleki öndürijiler hem smartfon önümçiligini ösdürdiler. Bu bolsa düwmeli telefonlara islegiň görnetin azalmagyna getirdi.
Ululygy 3,5 dýuým bolan ilkinji “iPhone” “ARM 11” mikroprosessory bilen işläp, 2 megapiksel durulygynda surata alýan yzky kamera bilen üpjün edilen. Şol döwürler entek selfi kamerasy ýokdy. Mundan ozal bary-ýogy 200 sanysy öndürilen “Apple-1” atly kompýuter 700 müň dollara satylypdy.