31-nji awgustda Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde döwlet derejesindäki özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy. “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasyna degişli bu täze desga munuň aýdyň mysalydyr. Umumy meýdany 500 inedördül metre deň bolan bu dermanhana şeýle ugurly desgalara bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýär. Onda Türkmenistanda we Ýewropa ýurtlarynda öndürilen ýokary hilli derman serişdeleri elýeterli bahadan hödürlenilýär. Gije-gündiz işleýän dermanhananyň işgärler düzümi ýokary derejeli hünärmenlerdir.
Döredijilik toparlary baýramçylyk konsertini taýýarlap, onuň maksatnamasyna aýdymçylardyr tansçylaryň, folklor toparlarynyň şowhunly çykyşlary girizildi.
Täze dermanhananyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa halkymyzyň saglygyny we abadançylygyny maksat edinýän syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.