Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew şu güýzde nobatdan daşary Prezident saýlawlaryny geçirmek isleýändigini mälim etdi.

– Men şu güýzde nobatdan daşary Prezident saýlawlaryny geçirmegi teklip edýärin – diýip, Parlament palatalarynyň bilelikdäki maslahatynda ýurduň halkyna ýüzlenip aýtdy.

Ol özüniň Prezident saýlawlara gatnaşmaga taýýardygyny hem mälim etdi.

Tokaýew çykyşynda – Meniň üçin döwletiň bähbitleri hemme zatdan ýokary. Şonuň üçin men özümiň ygtyýarlyk möhletimi azaltmaga we nobatdan daşary Prezident saýlawlaryna geçirmäge taýýar – diýdi.

Kasym-Žomart Tokaýew 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda kasam kabul edip wezipesine girişipdi. Gazagystanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurduň Prezidenti 5 ýyllyk möhlet bilen saýlanyp, bir dalaşgär bu wezipäni diňe iki möhlet ýerine ýetirip bilýär.  Kasym-Žomart Tokaýew 2019-njy ýylyň 9-njy iýunynda Gazagystanda geçirilen nobatdan daşary Prezident saýlawlarynda saýlawçylaryň 76% sesi ýa-da 6,5 million saýlawçynyň sesi bilen ýeňiş gazanypdy. Şol ýylyň 19-njy martynda ýurduň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew işden çekilýändigini mälim edipdi. Şonda ýurduň Parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň täze Prezidenti wezipesine bellenipdi. Çünki ol döwletde wezipe derejesi boýunça ikinji orny eýeleýärdi. Şeýlelikde, 2019-njy ýylyň 20-nji martynda Kasym-Žomart Tokaýew Prezidentiň wezipesine girişipdi. Ol wezipesine girişenden üç hepde soň nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň 9-njy iýunda geçiriljekdigini mälim edipdi. Ol saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynda ýurdy 30 ýyl dolandyran Nursultan Nazarbaýewiň başlan reformalaryny dowam etdirjekdigini söz beripdi.