Ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk yglan edildi. 2015-nji ýyldan bäri her ýylyň 1 – 30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän çäre öz netijeliligini görkezip gelýär.
Ýol hereketiniň howpsuzlygy biziň her birimiz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet derejesinde geçirilýän bu ählihalk çärä çagalar bagyna gatnaýan körpelerden başlap, ýaşuly nesle çenli hemmeler agzybirlikde, işjeň gatnaşýarlar. Her bir adamyň ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry bilmegi, ony gyşarnyksyz berjaý etmegi zerurdyr. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowam edýän günlerinde çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda bu çäräniň maksady we ähmiýeti barada, ýol hereketiniň kadalary, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Söhbetdeşlikler, «tegelek stollar», mowzuklaýyn duşuşyklar, olarda ýol-ulag hadysasy bilen baglanyşykly wideoşekilli ýazgylaryň görkezilmegi biraýlygyň täsirliligini has-da artdyrýar. Bu wagyz-nesihat we öwüt-ündew çäreleri ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ömrümiziň rahatlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.