Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Prezidentiň ygtyýarlyk möhletini gaýtadan saýlamak hukugy bolmazdan ýedi ýyla çenli çäklendirmegi teklip etdi.

– Prezidentiň möhletini diňe bir möhlet, ýagny, 7 ýyl bilen çäklendirmegi teklip edýärin. Häkimiýetiň emele gelmegi we işlemegi üçin siwilizlenen ýörelgeleri döretmeli. Täze Prezident ulgamy syýasy durnuklylygy, Gazagystanyň jemgyýetçilik gurluşynyň durnuklylygyny güýçlendirer – diýip, Kasym-Žomart Tokaýew Parlamentiň palatalarynyň bilelikdäki maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

Gazagystanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurduň Prezidenti 5 ýyllyk möhlet bilen saýlanyp, bir dalaşgär bu wezipäni diňe iki möhlet ýerine ýetirip bilýärdi. Indi ýurduň Prezidentiň teklibine görä, şol bir adam yzly-yzyna iki gezek Respublikanyň Prezidenti wezipesine saýlanyp bilinmez.

Mundan başga-da, Kasym-Žomart Tokaýew 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda mejlisiň aşaky palatasyna we ähli derejedäki ýerli wekilçilikli guramalara saýlawlary geçirmegi teklip etdi. Onuň sözlerine görä, bu mejlisiň düzümini täzelemäge mümkinçilik berer.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew şu gün – 1-nji sentýabrda Parlamentiň palatalarynyň bilelikdäki maslahatynda Gazagystanyň halkyna ýüzlendi. Onuň çykyşynyň esasy bölegi ýurduň sosial-ykdysady ösüşine bagyşlandy. Gazagystanyň Prezidentiniň halkyna ýüzlenmesi ýurduň teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda berlip, habarlar agentlikleriniň web sahypalarynda beýan edildi.