1912-nji ýyl­da aýs­ber­ge ur­mak ar­ka­ly su­wa ba­tan gä­mi bir asyr­dan soň­ra su­ra­ta dü­şü­ril­di. At­lan­tik um­ma­ny­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da su­wuň bir­nä­çe metr aşa­gyn­da­ky gä­mä su­wa çüm­mek bi­len meş­gul­lan­ýan kom­pa­ni­ýa­nyň hü­när­men­le­ri ba­ryp gör­dü­ler. Hü­när­men­ler gä­mi­niň sy­ýa­ha­ty­na baş­lan wag­ty bo­lan 1912-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­den bä­ri gö­rül­me­dik ýer­le­ri­ni su­ra­ta dü­şür­di­ler. Ki­no sun­ga­ty üçin hem yl­ham çeş­me­si bo­lan gä­mi­niň ýa­nyn­da mun­dan ozal hem guw­was­lar bir­nä­çe ge­zek ba­ryp gör­dü­ler. Em­ma bu ge­zek ýö­ri­te su­was­ty gä­mi ar­ka­ly ba­tan gä­mi has jik­me-jik ýaz­ga alyn­dy. “Ocean­Ga­te Expe­di­tions” şe­re­ke­ti­niň hü­när­men­le­ri­niň dü­şü­ren su­ra­tyn­da gä­mi­niň ag­ra­my 200 ki­log­ram bo­lan la­byr zyn­jy­ry, äpet ga­zan we beý­le­ki­ler bar.
Şeý­le hem guw­was­lar ta­ry­hy gä­mi­ni iň ýo­ka­ry du­ru­lyk­da – 8 müň pik­sel giň­li­gin­de (8k) wi­deo­ýaz­ga al­dy­lar. Bu bol­sa, ýaz­ga alyn­ýan ýe­riň äh­li­si­ni du­ru­ly­gy pe­sel­mez­den ýa­kyn­dan gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
“Ocean­Ga­te Expe­di­tions” şe­re­ke­ti mun­dan ozal hem bi­ler­men­ler­den we yl­my bar­lag­çy­lar­dan yba­rat bo­lan eki­paž bi­len bu gä­mi­niň ýa­ny­na ba­ryp­dy­lar.
Ba­tan “Ti­ta­nik” gä­mi­si Ka­na­da­nyň Nýu­found­lend we­la­ýa­ty­nyň Sent-Jons şä­he­rin­den 595 ki­lo­metr uzak­da ýer­leş­ýär. Su­wuň aşa­gy­na edi­len bu sy­ýa­ha­tyň esa­sy mak­sa­dy gä­mi­niň nä­de­re­je­de çüý­rän­di­gi­ni we ol ýer­dä­ki de­ňiz ýa­şaý­şy­ny öw­ren­mek üçin ýo­ka­ry du­ru­lyk­da şe­kil al­mak­dan yba­rat.
Bi­ler­men­ler gä­mi­niň esa­sy gur­lu­şy­nyň öňü­miz­dä­ki 40 ýy­lyň do­wa­myn­da çök­jek­di­gi­ni çak­la­ýar­lar.
Bat­ma­jak­dy­gy yg­lan edi­lip ýo­la dü­şen gä­mi 1912-nji ýy­lyň 14-nji ap­re­lin­de Ang­li­ýa­nyň So­ut­gemp­ton şä­he­rin­de Nýu-Ýor­ka ama­la aşyr­ýan il­kin­ji sy­ýa­ha­tyn­da ba­typ­dy.