29-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri
kabul etdi.

Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi hem-de hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Prezidenti Wla­di­mir Pu­ti­niň mä­hir­li sa­la­my­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di hem-de öz ýol­baş­çy­lyk ed­ýän iri ener­ge­ti­ka kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­nyň däp bo­lan oňyn, dost­luk­ly, ok­gun­ly hä­si­ýe­ti­ni bel­le­di, mu­ňa ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­ýän yzy­gi­der­li du­şu­şyk­lar hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Döwlet Baştutanymyz Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­ne sa­la­my­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ra tä­ze kuw­wat­ly iter­gi ber­jek iki­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, ägirt uly ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ne eýe bo­lan bi­ziň döw­le­ti­miz da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry, şol san­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my ýa­ly stra­te­gik ugur­da hyz­mat­daş­ly­gy ok­gun­ly ös­dür­mä­ge yg­rar­ly­dyr. Mil­li ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­mak, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we in­no­wa­si­on iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry iş­jeň or­naş­dyr­mak, ga­zyp al­ýan, gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­dak­la­ryň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak Türk­me­nis­ta­nyň bu ul­gam­da dur­mu­şa ge­çir­ýän sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­dyr. Bu­la­ryň äh­li­si ne­ti­je­li işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak hem-de di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we «Gazp­rom» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy bar bo­lan köp­ýyl­lyk oňyn tej­ri­bä­ni, uly müm­kin­çi­lik­le­ri ha­sa­ba al­mak bi­len, gel­jek­ki hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Rus­si­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan he­re­ket ed­ýän şert­na­ma bo­ýun­ça türk­men ga­zy­ny sa­tyn al­mak we bu ul­gam­da uzak möh­le­ti na­zar­la­ýan hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry we nebit-­gaz pu­da­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iri dü­züm­le­ýin tas­la­ma­lar üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk üçin amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär. Şun­da ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni çy­kar­mak bi­len bir ha­tar­da, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan, ýo­ka­ry hil­li, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­riň ön­dü­ril­me­gi­ni ugur edin­ýän gaz we ne­bit­hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň kuw­wa­ty­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de «ýa­şyl» ener­ge­ti­ka­nyň ös­dü­ril­me­gi, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň iş ýü­zün­de peý­da­la­nyl­ma­gy mö­hüm ugur hök­mün­de kes­git­le­nil­di.

Türk­me­nis­tan özü­niň öň­den gel­ýän hyz­mat­daş­la­ry­nyň tä­ze tek­lip­le­ri üçin he­mi­şe açyk­dyr we hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ugur­la­ry­ny gol­da­ma­ga taý­ýar­dyr. Şeý­le-de, Rus­si­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­sy­nyň öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­na yg­rar­ly bol­jak­dy­gy nyg­tal­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem-de Rus­si­ýa­nyň ener­ge­ti­ka kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Türk­me­nis­ta­nyň we «Gazp­rom» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň anyk ne­ti­je­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­me­gi­ne gy­zyk­lan­ma­ny tas­syk­la­dy­lar. Mu­nuň özi stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bo­lan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň gel­jek­de-de ös­dü­ril­me­gi­ne uly go­şant bo­lar.

«Gazp­rom» ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat­lar
«Gazp­rom» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti glo­bal ener­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­ bolup, energiýa çeşmelerini göz­lemek, öndürmek, da­şa­mak, sak­la­mak, gaý­ta­dan iş­le­mek, gaz kon­den­sa­tyny, ne­biti, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek we sat­mak bilen meşgullanýar. «Gazp­rom» te­bi­gy gaz, beý­le­ki ener­gi­ýa çeş­me­le­ri we gaý­ta­dan iş­len­en önüm­ler bi­len dünýäniň dürli ýurtlarynyň sarp edi­ji­le­ri­ni üp­jün ed­ýär.
«Gazp­rom»-yň esasy mak­sa­dy sa­tuw ba­zar­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýalaşdyrmak, ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek, ama­ly ne­ti­je­li­li­gi ýo­kar­lan­dyr­mak we yl­my-teh­ni­ki mümkinçilikleri ulan­mak ar­ka­ly glo­bal ener­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da iş alyp bar­mak bo­lup dur­ýar.
«Gazp­rom»-yň we­kil­ha­na­sy Türk­me­nis­tan­da iş alyp bar­ýar. Açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň mü­di­ri­ýe­ti­ne Alek­seý Mil­ler baş­ly­klyk edýär.