Ýaponiýanyň Hökümet başlygy Fumio Kisida öz ýurdunyň öňdäki üç ýylyň dowamynda Afrika ýurtlarynyň ösüşi üçin 30 milliard amerikan dollary möçberde maliýe kömegini bölüp bermekçidigini habar berdi. Ol bu barada Afrikanyň ösüşi boýunça halkara maslahatda eden çykyşynda aýtdy.