«Bloomberg»-iň habaryna görä, «Adani Group» hindi konglomeratynyň başlygy Gautam Adani 137,4 milliard dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji üçlügine girdi. Işewüriň baýlygy şu ýyl 61 milliard dollara golaý artypdyr. Şeýlelikde 60 ýaşly milliarder “Microsoft”-yň hojaýyny Bill Geýts hem-de dürli maliýe çökgünliklerinden oňat baş alyp çykmagy bilen tanalýan Warren Buffet ýaly meşhur amerikan işewürlerinden hem öňe geçdi. Mundan başga-da hindi işewüri Adani Ýewropanyň iň gurply adamy fransiýaly Bernard Arnodan hem ozdy. Şeýlelikde, ilkinji gezek aziýaly işewür “Bloomberg”-iň milliarderler sanawynda ilkinji üçlüge girmegi başardy.
Sanawda birinji orundaky Ilon Maskyň maliýe emlägi 251,4 milliard, ikinji orundaky Bezosyň emlägi 153,4 milliard dollara deň.
Şu ýyl milliarderleriň käbirleriniň baýlygy azaldy. Maskyň baýlygy ýylyň başyndan bäri 18,9 milliard dollar azalan bolsa, Jeff Bezosyňky 39 milliard dollar pese gaçdy. Dördünji orundaky Bernard Arnonyň baýlygy bolsa 42 milliard dollara ýakyn kemelipdir. Geýtsiň emläginden 20,6 milliard dollar aýryldy. Şeýle-de bolsa bu işewürler sanawyň ýokary basgançaklaryndaky orunlaryny saklap galdylar.
Gautam Adani oba hojalyk pudagynda, kömür söwdasynda we portlary ýöretmek bilen meşgullanýar. Şeýle hem işewür “ýaşyl” energiýa, aeroportlar, maglumat merkezleri, sanly hyzmatlar we media ýaly ugurlarda hem iş alyp barýar. Işewüriň baýlygy soňky iki ýylda görnetin ýokarlandy. “Bloomberg”-iň maglumatyna görä Adaniniň baýlygy 2020-nji ýylyň martynda 5,8 milliard dollardy. Şu ýylyň aprelinde hindi işewüriniň baýlygy ilkinji gezek 100 milliard dollardan geçdi. Şeýlelikde, onuň emlägi iki ýylda 20 esseden hem köp artdy. Ýene bir hindi milliarderi Mukeş Ambani 91,9 milliard dollarlyk baýlygy bilen sanawda 11-nji boldy.