BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2012-nji ýylda kabul eden karary bilen her ýylyň 5-nji sentýabrynda haýyr-sahawat güni hökmünde bellenilýär. Günüň maksady, haýyr-sahawat guramalaryna we şahsyýetleriň garyplygy we ýiti ynsanperwerlik çökgünliklerini ýeňip geçmekdäki işlerine ünsi çekmek hem-de olaryň işleriniň köpelmegine, haýyr-sahawat işlerine meýletin gatnaşmaga bolan höwesi döretmäge adamlary gönükdirmekden ybaratdyr.
Haýyr-sahawat agyr çökgünlikleriň netijelerini ýeňip geçmäge kömek edýär. Şeýle hem medeniýetiň, ylmyň, sportuň ösmegine goşant goşýar we tebigatyň goralmagyny üpjün edýär. Haýyr-sahawat aslynda meýletin we şahsyýet däl, eýsem, sosial taýdan möhüm meselelere gönükdirilen bolup, girdeji gazanmagy göz öňünde tutmaýar. Şol bir wagtyň özünde maliýe we maddy serişdeler şeýle hem adamlaryň ukyplary we güýji serişde hökmünde hereket edýär. Haýyr-sahawat diňe bir mätäçlere kömek etmek bilen çäklenmän, taryhy ýadygärlikleri we ybadathanalary dikeltmäge, bilim we lukmançylyk edaralaryny enjamlaşdyrmaga we başga-da köp zatlara gönükdirilendir.
Gülnur Otyzowa,
Türkmen oba hojalyk insitutynyň talyby