Botaniki taýdan sarymsak sogan bilen bir maşgala degişlidir.
Sarymsak gadymdan bäri Özbegistanda, Täjigistanda we Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýär.
Fransiýanyň Gaskon sebitinde sarymsak çorbasy bişirilýär. Şeýle-de bolsa, beýleki halklaryň wekilleriniň bu çorbany içip bilmejekdikleri düşnüklidir.
Sarymsak köp kesellere garşy halk lukmançylygynda giňden ulanylýar.
Dünýäde iň köp sarymsak sarp edilýän ýurtlar – Hytaý, Koreýa we Italiýa. Bu ýurtda her adam günde ortaça ondan köp sarymsak iýýär.
Hindistanda sarymsak irki döwürlerden bäri derman hökmünde ulanylýar. Emma ysy sebäpli ony hiç wagt nahara salmaýarlar.
Sarymsagyň antibiotiklere baýlygy XIX asyrda alymlar tarapyndan açyldy.
2009-njy ýylda Hytaýda doňuz dümewiniň ýaýramagyndan soň halk lukmançylygynyň wekilleri bu keseli sarymsagyň kömegi bilen bejerip başladylar. Şol döwürde Hytaýda sarymsagyň bazar bahasy öňküsinden 40 esse ýokarydy.
Sarymsak aslynda köp kesel döredýän bakteriýalara degişlidir.
Gadymy döwürde sarymsagyň erbet ruhlardan goraýandygyna ynanypdyrlar. Guradylan sarymsak jaýlaryň deşiklerine, gapylaryň ýokarsyna asylypdyr.
Gadymy Rimde esgerleriň iýmitine sarymsak goşulypdyr. Sarymsak diňe bir keseli ýok etmän, esgerlere batyrlyk we goşmaça güýç beripdir.
Lukmanlaryň bellemegine görä, sarymsagyň immuniteti ýokarlandyrmak we gany suwuklandyrmak häsiýeti bar. Mundan başga-da, düzüminde kaliý, demir, kalsiý, magniý, marganes we beýleki iýmitlik maddalary bar. Alymlar sarymsagy köp iýýän adamyň ýürek keselinden ejir çekmeýändigini anykladylar.
Taýýarlan Ruhsara JUMAGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agroekologiýa hünäriniň talyby