UEFA Çempionlar Ligasynda “E” toparçada 2021-nji ýylyň çempiony “Çelsi” myhmançylykda Horwatiýanyň “Dinamo Zagreb” toparyndan 1-0 asgyn geldi. Zagreblilere ýeňiş getiren ýeke-täk goly 13-nji minutda Mislaw Orsiç derwezä girizdi. Galan minutlarda “çelsili” futbolçylaryň eden hüjümleri oňyn netije bermedi. Bu duşuşyk “Çelsiniň” tälimçisi Tomas Tuheliň klubdaky 100-nji duşuşygydy. Toparçadaky beýleki oýunda “Milan” myhmançylykda “Salsburg” bilen 1-1 deňme-deň oýnady (Okafor 25 – Salemakers 40).

Mislow Orsiç (“Dinamo Zagreb”) Çempionlar Ligasynda 31-nji möwsümiň ilkinji goluny geçiren futbolçy boldy.

Ilkinji 5 minutdaky 5-nji goly

“H” toparçada tapgyryň merkezi duşuşygynda PSŽ öz meýdançasynda “Ýuwentusy” 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Parižlileriň gollaryny 5-nji we 22-nji minutlarda Kilian Mbappe geçirdi. Weston MakKenniniň goly italýanlara ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. Duşuşykda 2 gol geçiren Mbappeniň UÇL-däki gollarynyň sany 35-e ýetýär. Ol 35 gola ýeten iň ýaş futbolçy (23 ýaş 260 gün) rekordyny 47 gün bilen Lionel Messiden alýar. Neýmaryň ajaýyp pasyndan soň owadan urgy bilen topy derwezä girizen Mbappe UÇL-de ilkinji 5 minutda 5-nji gezek tapawutlandy. Bu ugurda ondan öňde Messi bolup, argentinaly ýyldyz ilkinji 5 minutda 6 gol geçirdi. Toparçadaky beýleki duşuşykda “Benfika” topary “Makkabi Haýfany” Rafa Silwa (50) hem-de uzak aralykdan owadan urgy bilen tapawutlanan Grimaldonyň (54) gollary esasynda 2-0 ýeňip, soňky 6 ýaryşynda ilkinji gezek ýeňiş bilen başlady.