Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny, Türkmenistanyň özara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator hanym Sindi Kiro berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Täze Zelandiýanyň halkyna bolsa gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.